Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda polisiýa oppozisiýanyň edaralaryna reýd geçirdi


Tbiliside polisiýa oppozisiýa lideri Nika Meliýany tussag edýär. 23-nji fewral
Tbiliside polisiýa oppozisiýa lideri Nika Meliýany tussag edýär. 23-nji fewral

Gürjüstanyň polisiýasy oppozisiýa lideri Nika Meliýanyň partiýasynyň edaralaryna reýd geçirdi, şeýle-de 23-nji fewral güni ir bilen gazaply kürsäp girmäniň we göz ýaşardyjy gazyň ulanmagy netijesinde syýasatçynyň özüni tussag etdi.

Mundan birnäçe gün öň, premýer-ministr Giorgi Gakhariýa belli syýasatçyny gözenegiň aňyrsyna ugradyp-ugratmazlyk baradaky ylalaşmazlyklaryň netijesinde wezipesinden çekilipdi.

Milli Birlik Hereketi (ENM) oppozisiýa partiýasynyň başlygy Meliýa 2019-njy ýylyň iýunynda köçelerde tolgunşyklary öjükdirmekde aýyplanýar. Ol aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, olary ret edýär.

Geçen hepde Tbilisiniň sudy Meliýanyň hamana girewini wagtynda geçirmändigini aýdyp, ony tussag etmek barada höküm çykardy.

Şol pursat Içeri işler ministrligi premýer-ministr Geiorgi Gakhariýanyň wezipesinden çekilmegi bilen, Meliýany tussag etmek baradaky buýrugyň berjaý edilmegini yza süýşürýändigini yglan edipdi.

Telewideniýede göni efirde Meliýanyň partiýasynyň baş edarasyndan deslapky tussaghana sütenekledip äkidilýän pursatlary görkezildi.

Pitä garşy polisiýa 17-nji fewraldan bäri binanyň daşynda ýygnanan Meliýanyň ýüzlerçe goldawçysyny, şeýle-de ýurduň ähli oppozisiýa partiýalarynyň liderlerini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy.

Oppozisiýanyň onlarça goldawçysy hem tussag edildi.

“Şu gün irden [ENM partiýasynyň] baş binasynyň daşyndaky ýagdaýlar hopukdyryjydy” diýip, Britaniýanyň ilçisi Mark Klaýton Twitter hasababynda ýazgy galdyrdy. “Tbiliside gazaplylyk we haos Gürjüstanyň häzir iň soň dereje görmek islemeýän zatlary. Men häzir we geljek günler ähli taraplary asudalygy saklamaga çagyrýaryn” diýip, ol sözüne goşdy.

Meliýa Gürjüstanyň parlamentiniň premýer-ministr Irakli Garibaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti ykrar etmeginden birnäçe gün soň tussag edildi. 18-nji fewralda Gakhariýa Meliýanyň tussag edilmegi boýunça öz toparynyň arasyndaky ylalaşmazlyklar sebäpli wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi.

Garibaşwilini we onuň hödürlän hökümet düzümini 150 agzalyk parlamentiň 89 deputaty goldady. Milli Birlik Hereketi we beýleki kiçi partiýalar bu çärä boýkot yglan etdiler.

4 million ilaty bu Kawkaz döwleti geçen oktýabrdaky parlament saýlawlaryndan bäri syýasy krizisiň bosagasynda durdy. Şol saýlawlarda Gürji Arzuwy partiýasy üstün çykypdy. Emma garaşsyz gözegçiler ses berişlikde bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdypdylar.

Gahkariýa Meliýanyň tussag edilmegi ýurtdaky syýasy bölünişigi ýitileşdirjek bolsa, muňa garşy çykjakdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG