Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanadanyň parlamenti Hytaýyň uýgurlara çemeleşmesini genosid diýip ykrar etdi


Tussaghana ýerleşdirilenler ideologiýa taýdan gaýtadan terbiýelenýär.

Kanadanyň parlamentiniň aşaky palatasy Hytaýyň bu ýurtda ýaşaýan uýgurlara, gazaklara we beýleki türki dilli halklaryň wekillerine çemeleşmesini genosid, matlaply öldürmek hökmünde ykrar etdi.

Deputatlar genosid bes edilmese, 2022-nji ýyla planlaşdyrylýan gyşky Olimpiýa oýunlaryny Pekinden yza çekmäge çagyrdylar.

Bu dokumente ähli oppozisiýa partiýalarynyň wekillerini öz içine alýan 266 adam goldaw sesini berdi, garşy ses beren bolmady.

Şol bir wagtyň özünde premýer-ministr Jastin Trudo we Ministrler kabinetiniň agzalarynyň köpüsi ses bermekden saklandy.

Häzirki ministrlerden diňe Kanadanyň daşary işler ministri geldi we tutuş hökümetiň adyndan olaryň ses bermekden saklanýandygyny mälim etdi.

Pekin Günbatar ýurtlary tarapyndan Sinjiaňda ýaşaýan bir milliondan gowrak musulmany lagerlere ibermekde günäkärlenýär.

Tussaghana ýerleşdirilenler ideologiýa taýdan gaýtadan terbiýelenýär, olar medeniýetinden we dininden ýüz öwürmäge mejbur edilýär, zorlanýar, aýallar zor bilen önelgesiz edilýär we köpçülikleýin gynamalara sezewar bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG