Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook agdarylyşyga salgylanyp, Birmanyň harby hasaplaryny gadagançylyga aldy

Birmada agdarylyşga garşy protestçiler köçelere çykýar. 22-nji fewral, 2021 ý.
Birmada agdarylyşga garşy protestçiler köçelere çykýar. 22-nji fewral, 2021 ý.

Facebook harby häkimiýetiň agdarylyşyga garşy çykan protestçilere garşy gandöküşikli güýç ulanandygyny aýdyp, Birma goşuny bilen ilteşikli galan hasaplaryň ählisini gadagançylyga aldy.

Goşun 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçireli bäri Birma başagaýlygy başdan geçirýär. Harbylar noýabr saýlawlarynda galplyk öňe sürüp, raýat hökümetiň ýolbaşçysy Aung San Su Çini hem-de partiýa ýolbaşçylarynyň aglabasyny tussag etdi.

Sosial media läheňiniň dessine güýje girýän karary harbylara we olaryň garamagyndaky edaralara degişlidir. Şeýle-de, bu karar harbylara ilteşigi bolan ähli täjirçilik edaralarynyň platformalara reklama bermegini gadagan edýär.

“1-nji fewraldan bäri bolup geçýän wakalar, şol sanda gandöküşikli zorluk bu gadagançylyga zerurlyk döretdi” diýip, Facebook 25-nji fewralda beren beýanatynda aýtdy.

Harby häkimiýetler Su Çiniň uly ýeňiş gazanan saýlawlarynda galplyga ýol berlendigi baradaky öňe sürmelerini ýaýratmak üçin Facebook ulgamyndan peýdalandy.

Bu aralykda, 25-nji fewralda harbylaryň goldawçylary we garşydaşlary ýurduň iň iri şäheriniň, Ýangonyň köçelerinde çaknyşdy, häkimiýetler studentleriň ýörişlere gatnaşmak üçin okuw jaýyny terk etmekleriniň öňüni baglady.

XS
SM
MD
LG