Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we özbek studentleriniň işine 11-nji martda serediler


Mälikberdi Allamyradow
Mälikberdi Allamyradow

Türkmenistanly student Mälikberdi Allamyradowyň we onuň özbegistanly kursdaşy Şuhrat Rahymowyň adminstratiw işlerine seretjek sud seljerişligi 11-nji martda, Galmygystanyň Elista şäher kazyýetinde geçiriler diýip, “Turkmen.news” şäher sudunyň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, studentlere adminstratiw düzgün bozmalary sebäpli, "Duşuşyk, ýygnak, demonstrasiýa, ýöriş ýa-da piket guramak ýa-da geçirmek üçin bellenilen tertip-düzgünleriň köpçülikleýin çäräni gurnaýjy tarapyndan bozulmagy” esasynda çäre görülmegine garaşylýar.

Düzgüni bozan 10 müňden 20 müň rubla çenli jerime ýa-da 40 sagada çenli mejbury iş bilen jezalandyrlyp biler.

Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa bölüminiň 3-nji ýyl studenti Mälik Allamyradow 18-nji fewralda respublikanyň paýtagty Elistanyň merkezinde ýeke adamlyk pikete çykdy.

Wideo ýazgyda Allamyradowyň elinde “Türkmen diktatory bizi puldan mahrum etdi. Bu halka garşy genosid” diýen rusça ýazgyly plakaty tutup durandygy görünýär. 15 minutdan soň ol polisiýa tarapyndan saklandy. Bu çäräni wideo ýazga düşüren özbegistanly student hem saklandy.

22 ýaşly blogger Allamyradow YouTube-de türkmen häkimiýetlerine garşy çagyryş edilýän “Türkmenistan Ar Namys Üçin!” diýen kanaly bilen hem tanalýar.

Hukuk goraýjy toparlaryň bellemegine görä, kanalyň açylmagy bilen baglylykda, bloggeriň Marynyň Sakarçäge etrabynda ýaşaýan ene-atasy ençeme gezek polisiýa bölümine çagyrylýar, olardan kanaly ýapdyrmak, türkmen häkimiýetleriniň tankytlamagyny bes etdirmek talap edilýär.

Allamyradow Türkmenistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmen studentlerine pul ugratmak babatynda girizen çäklendirmelerine garşy proteste çykandygyny aýdýar.

Ýatlatsak, mundan öň Azatlyk Radiosy daşary ýurtlara ugradyp bolýan puluň möçberiniň her aýda 50 dollara çenli düşürilendigi barada habar beripdi.

XS
SM
MD
LG