Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary türkmen oppozisiýasynyň ýaş pälwanyň ölümi bilen bagly daşardaky işjeňligi barada beýanat ýaýratdy


Mällik Allamyradow ýeke adamlyk piket geçirýär.
Mällik Allamyradow ýeke adamlyk piket geçirýär.

Adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi, şeýle-de Adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň Helsinki fondy bilelikde beýanat ýaýradyp, ýaş türkmen pälwany Süleýman Tursunbaýewiň gümürtik ýagdaýlarda aradan çykmagy bilen bagly daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulan protest çärelerine syn berdi.

Türkmenistanda Aşgabatda ýaşamaga ýazgysy bolmanlygy sebäpli medisina kömegi berilmedik 14 ýaşly Tursunbaýewiň ölümi bilen bagly gowuşýan dürli habarlaryň arasynda, Türkiýedäki türkmen aktiwistleri 19-njy fewralda Stambulyň Taksim meýdançasynda protest çäresini geçirmegi göz öňünde tutupdylar.

Beýanatyň awtorlary öz çeşmelerine salgylanyp, türk polisiýanyň geçiren öňüni alyş çäreleri sebäpli, planlaşdyrylan protestiň ýatyrylandygyny aýdýarlar. Bellesek, Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysy hem 19-njy fewralda Taksim meýdançasyndan beren maglumatynda sebitde protest çäreleriniň göze ilmeýändigini habar beripdi.

Stambulyň Taksim meýdançasy. 19-njy fewral, 2021 ý.
Stambulyň Taksim meýdançasy. 19-njy fewral, 2021 ý.

Adam hukuklary boýunça toparlaryň 24-nji fewralda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, türk polisiýasynyň Hakan atly bir ofiseri, türkmen diasporasynyň Taksim meýdançasynda protest çäresini geçirmek baradaky çagyryşlary bilen baglylykda, 18-nji fewralda 47 ýaşly türkmenistanly Ahmet Rahmanowa we onuň aýalyna jaň edip, maşgalanyň polisiýanyň Taksim meýdançasynyň golaýyndaky bölümine gelmegini talap edipdir.

Ahmet polisiýa bilen söhbetdeşliginde türkmen oppozisiýasynyň hatarynda durýandygyny, emma soňky 10 ýylyň dowamynda Stambuldan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Antaliýada ýaşaýandygyny aýdyp, bellenilen ýere gelip bilmejekdigini duýdurypdyr.

Şol günüň özünde, ýene bir türkmen aktiwistine ýokarky mazmunly SMS gelipdir. Göz öňünde tutulýan protestiň beýleki mümkin guramaçylaryna hem Osman atly polisiýa ofiseri jaň edipdir. Maglumata görä, polisiýa bölümine gelmek baradaky talaplar, türkmen migrantlarynyň 19-njy fewralda türkmen häkimiýetlerine garşy piket çäresini geçirmek baradaky internetde peýda bolan çagyryşlary bilen baglanyşykly. Beýanatda Stambulda COVID-19 sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli, köçe çärelerini geçirmegiň hem gadagandygy bellenilýär.

Türk polisiýasynyň çäreleri netijesinde Taksim meýdançasynda planlaşdyrylan protest çäresi geçmedi.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde hem, ýagan agyr gar sebäpli, ilki başda planlaşdyrylan protest çäresini geçirmek başartmady. 21-nji fewralda Kanadanyň Montkon şäherinde 10-a golaý adamyň gatnaşmagynda piket geçirildi.

Beýanatda dürli ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň 2021-nji ýylda protest çärelerini dowam etdirmek baradaky gürrüňleriniň arasynda, Russiýada şeýle mazmunly geçirilen çäräniň garaşylmadyk bir ýagdaý bolandygy nygtalýar.

18-nji fewralda Kalmykiýanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa bölüminiň 3-nji ýyl talyby Mälik Allamyradow respublikanyň paýtagty Elistanyň merkezinde ýeke adamlyk pikete çykdy. 15 minutdan soň ony polisiýa saklady. Wideo ýazgyda Allamyradowyň elinde “Türkmen diktatory bizi puldan mahrum etdi. Bu halka garşy gennosid” diýen rusça ýazgyly plakaty hem synlasa bolýar. Bu çäräni wideo ýazga düşüren şol bir ýokary okuw jaýyň özbegistanly talyby hem saklandy.

22 ýaşly blogger Allamyradow YouTube-de türkmen häkimiýetlerine garşy çagyryşylar edilýän “Türkmenistan Ar Namys Üçin!” diýen kanaly hem ýöredýär. Hukuk goraýjy toparlaryň belleýşi ýaly, kanalyň açylmagynyň yzýany türkmen bloggeriniň Marynyň Sakarçäge etrabyndaky ene-atasy ençeme gezek polisiýa bölümine çagyrylýar, şeýle-de olardan ogluna kanalyny ýapdyryp, türkmen häkimiýetlerini tankytlamagyny bes etdirmegi talap edilýär.

Allamyradow Türkmenistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmen studentlerine pul ugratmak babatyndaky girizen çäklendirmelerine garşy proteste çykandygyny aýdýar. Ýatlatsak, mundan öň Azatlyk Radiosy daşary ýurtlara ugradyp bolýan puluň möçberiniň her aýda 50 dollara çenli düşürilendigi barada habar beripdi.

Allamyradow polisiýa bölüminde bäş sagada golaý wagt saklanypdyr. Polisiýa işgärleri, rus kanunçylygyna salgylanyp, daşary ýurt raýaty hökmünde onuň piket geçirmäge hukugynyň ýokdugyny hem aýdypdyrlar.

Allamyradowa garşy administratiw kanun bozma boýunça protokol düzülip, suduň geçiriljek güni we wagty barada öňünden habarly ediljekdigi aýdylypdyr. Şeýle-de, oňa diňe bir jerime däl, eýse Türkmenistana deportasiýa edilmegi boýunça hökümiň çykarylyp bilinjekdigi barada duýdurylypdyr.

Mundan soňra, Allamyradow bilen onuň okaýan ýokary okuw jaýynyň rektory, prorektory, halkara gatnaşyklar boýunça bölümiň wekili ýaly dürli derejedäki işgärleri gepleşik geçiripdirler. Studentiň sözlerine görä, oňa basyş edilipdir, şeýle-de okuwdan çykarylmak haýbaty atylypdyr.

Mundan öň, Russiýanyň Karaçaý-Çerkessiýada okan 26 ýaşly aşgabatly Rozgeldi Çoliýew internetde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy tankytlaýan wideo ýazgylaryny YouTube sahypasynda çap etmegi sebäpli Türkmenistanyň ilçihanasynyň, şeýle hem Russiýanyň uniwersitetiniň we Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB)basyşyna sezewar bolandygy barada habar berlipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondy" we "Memorial" merkezi beýanatlarynda Russiýada ýaşaýan türkmenleriň, beýleki daşary ýurtlardaky ildeşlerinden tapawutlylykda, soňky wagta çenli, türkmen oppozisiýa hereketine açyk duýgudaşlyk bildirmän gelendiklerini belläp geçýärler.

Mundan öň, 2020-nji ýylyň güýzünde Moskwanyň dürli künjeklerinde Berdimuhamedowa garşy tankydy listowkalar asylyp çykypdy.

Mundan başga-da, beýanatda Russiýada Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny bilen bilen baglylykda golaýda geçirilen demonstrasiýalaryň arasynda, Türkmenistanyň diplomatiki wekilhanalaryna rugsat berilmedik protestlerde saklanan türkmenistanlylary yzyna deportasiýa etmek boýunça tagalla etmek barada görkezme berlendigi nygtalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG