Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl öz eýeçiligindäki ýük gämisinde bolan partlamanyň arkasynda Eýranyň duran bolmagynyň mümkindigini aýdýar


Gämi Saudlaryň Bammam portundan Singapura barýardy.
Gämi Saudlaryň Bammam portundan Singapura barýardy.

28-nji fewralda Ysraýylyň goranmak we syýasy liderleri, ýurduň goranmak ministriniň Oman aýlygynda Ysraýylyň eýeçiligindäki ýük gämisine Eýranyň hüjüm edendigine çalym edýändigi baradaky maglumatlary bilen baglylykda, jogap çäresini maslahat etmek üçin duşuşýarlar.

Ysraýylyň döwlet eýeçiligindäki Kan telewideniýe kanaly 25-nji fewralda gäminiň partladylmagy bilen baglylykda Eýranyň “gyzyl çyzygy geçendigi” baradaky atlandyrylmadyk bir ysraýyl resmisiniň sözlerini getirdi.

Ysraýylyň goranmak ministri Benny Gantz 27-nji fewralda çykyş edip, Ysraýylyň eýeçiligindäki gämini sarsdyran partlamanyň arkasynda Eýranyň duran bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Gämi Saudlaryň Bammam portundan Singapura barýardy.

Gantz döwlet telewideniýesinde eden çykyşyna köp yşaratyň partlamanyň arkasynda Eýranyň duran bolmagyny görkezýändigini aýtsa-da, munuň entek tassyklanylmalydygyny hem sözüne goşdy.

Eýran resmilerinden bada-bat reaksiýa bolmady.

XS
SM
MD
LG