Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze şa gyzmy? Saida Mirziýoýewanyň abraýynyň ösmegi hem ygtyýarsyz deňeşdirmeler


Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa
Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy Özbegistanda iň görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň birine öwrüldi. Saida Mirziýoýewanyň barha artýan täsiri öz aýratynlyklary bilen haýran galdyran Gulnara Kerimowa bilen deňeşdirmäni ygtyýarsyz ýatladýar. Özbegistanyň öňki prezidentiniň uly gyzy masgara bolup türmä düşdi.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy ýurduň iň görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň birine öwrüldi.

36 ýaşly Saida Mirziýoýewa resmi ýygnaklara köp gatnaşýar, çykyşlar edýär hem ýurduň sebitlerine, hatda daşary ýurtlara iş saparlaryny geçirýär. Üç çaganyň enesi, köplenç Mirziýoýewler maşgalasynyň haýyr-sahawat hem-de medeni çärelerine gatnaşýar.

Saida Mirziýoýewanyň şahsyýetiniň ýokarlanmagy merhum prezident Yslam Kerimowyň bir wagtlar meşhur bolan hem täsiri ýörgünli gyzy Gulnara Kerimowa bilen deňeşdirmeleri ygtyýarsyz ýatladýar. Gülnara masgara bolup, öý tussaglygynda oturdy, soň bolsa türmä düşdi.

Girdejili kärhanalar toplumyna gözegçilik eden Gülnara Kerimowadan tapawutlylykda, Saida Mirziýoýewa telekeçilik bilen gönüden-göni gatnaşyk saklamaýar.

Ýöne onuň adamsy Aýbek Tursunow aýdylyşyna görä, Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna gelenden soň, birnäçe bank we maýa goýum şertnamalaryna gatnaşyk açypdyr. Tursunow gaýynatasynyň edarasynda – prezident administrasiýasynda işleýär.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew maşgalasy bilen. Onuň arkasynda duran uly giýewi Aýbek Tursunow.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew maşgalasy bilen. Onuň arkasynda duran uly giýewi Aýbek Tursunow.

Saida Mirziýoýewanyň özi bolsa Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk gullugynyň başlygynyň orunbasary, şeýle hem awtomatiki ýagdaýda prezidentiň geňeşçisiniň orunbasary bolýar.

Mirziýoýew tarapyndan 2019-njy ýylyň başynda döredilen Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk döwlet gullugy ýurduň metbugat serişdelerine hem-de köpçülikleýin habar beriş ulgamyna gözegçilik edýär. Saida Mirziýoýewa gulluga ýolbaşçylykdan daşary, jemgyýetçilik abraýyny özüni žurnalistleriň we aýallaryň hukuklaryny goraýjy hökmünde görkezip gazanmaga çalyşýar.

Özbegistanda ýurduň birinji maşgalasyny tankyt etmek kabul ederliksizdir, ýurtda söz azatlygy çäklendirilen. Döwlet habar serişdeleri Mirziýoýewanyň alyp barýan işlerini hiç hili negatiw belliksiz beýan edýär.

Özbegistanyň Milli habar gullugy 2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Mirziýoýewanyň 35 ýyllygy gününi möhüm waka diýip atlandyrdy. Saida Mirziýoýewa sosial mediada hem öz şahsy durmuşy barada aýdýar, adamsynyň hem çagalarynyň suratlaryny ýerleşdirýär, şol sanda prezidentiň adyny göterýän bäş aýlyk ogly Şawkatyň suratlaryny paýlaşýar.

PREZIDENT DEREJESINDÄKI TAÝÝARLYK ÇÄRESI

Özbegistanyň günortasynda ýerleşen Garşy şäherinden bolan birnäçe ýerli habarçynyň sözlerine görä, golaýda ýurduň ilkinji gyzy ol şähere baryp gaýdypdy. Onuň saparyna görlen taýýarlyk çäresi şeýle bir düýpli bolup, «döwlet baştutanynyň derejesinde gurnalypdyr».

Atlaryny aýan etmek islemedik Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistleriniň habar bermegini görä, Mirziýoýewanyň kör we örän gowşak görýän çagalary goldaýan “Kalbyň gözleri” atly haýyr-sahawat maksatnamasynyň çäginde, onuň barmakçy bolýan ýerleri we çäräniň geçiriljek merkezi düýpli täzelenipdir.

Azatlyga gelip gowşan suratlarda, birnäçe işçiniň konferensiýa otagynyň diwarlaryna täze tekjeler gurýandygy görkezilýär; beýleki bir suratda, üç aýalyň tekjelere kitap goýýandygyny görmek bolýar.

Saida Mirziýaýewa Daşkentde işjeň duşuşyk wagtynda.
Saida Mirziýaýewa Daşkentde işjeň duşuşyk wagtynda.

Žurnalistleriň aýtmagyna görä, gyşyň ortasynda aýazly howa garamazdan, howluda güller oturdylypdyr.

Çärä çagyrylan ýerli habarçylara COVID-19 boýunça synag tabşyrmagyň talap edilýändigi aýdylypdyr.

Täzeleniş-bejeriş işleri tamamlanandan soň, howpsuzlyk güýçleri 27-nji ýanwara – Saidanyň geljek gününe çenli binany ýapyk sakladylar. Garşydaky žurnalistiň sözüne görä, şeýle ýokary derejede taýýarlyk işleri, adatça, diňe prezidentiň sapary sebäpli üpjün edilýär.

Özbegistanda Mirziýoýewanyň diňe bir iş saparlary başgalary geň galdyrmaýar.

«RYSWALYK»

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Mirziýoýewa, kiçi uýasy Şahnoza we ýanýoldaşlary bilen Daşkende gelen rus aýdymçysy Polina Gagarinanyň konsertinden soň gurnalan dabaraly nahar wagtynda düşürilen wideo Internetde köpçülige ýaýrady.

Ol wideoda iki uýa agşamlyk nahary wagtynda beýleki myhmanlar bilen bilelikde aýdym aýdyp şatlanýarlar.

Habar saýtlary we sosial media ulanyjylary Daşkentde ýygy-ýygy gurnalýan oturylyşyklar we gijeki klublar bilen tanalýan Mirziýoýewiň gyzlary – Kerimowyň gyzlary Gülnara hem Lolanyň durmuşlaryndaky meňzeşlikleri deňeşdirýärler. Olar hem şowhunly oturylyşyklardyr gijeki klublar bilen tanalýardy.

Bir habar serişdesi iň soňky ýaýran wideony Mirziýoýew maşgalasynyň «ryswalygy» diýip atlandyrdy, beýleki biri bolsa Özbegistanda şol öňki taryhyň gaýtalanyp-gaýtalanmajagy baradaky soragy orta atdy.

Şahnoza Mirziýoýewa – Mekdebe çenli çagalar bilim ministrliginiň müdiri. Adamsy Atabek Umarow prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary. Ol ýene iki milli sport federasiýasyny dolandyrýar.

Şahnoza Mirziýaýewa Nukus şäherindäki mekdebe çenli çagalar üçin ýöriteleşdirilen terbiýeçilik merkezinde. 2019-njy ýylyň 4-nji apreli.
Şahnoza Mirziýaýewa Nukus şäherindäki mekdebe çenli çagalar üçin ýöriteleşdirilen terbiýeçilik merkezinde. 2019-njy ýylyň 4-nji apreli.

Şowhunly oturylyşykda aýratyn bir zat görünmese-de, birnäçe sosial media ulanyjylar ýönekeý özbegistanlylaryň muny halamaýandygyny, sebäbi köpüsiniň mätäçlikde ýaşaýandygyny aýdýar.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ortaça aýlyk haky 270 dollar töweregi. Kiçi şäherçelerde hem oba ýerlerinde aýlyklar örän pes.

Ýurtda korrupsiýa giňden ýaýran, milletiň iş mümkinçiligi az, millionlarça özbegistanlylar Orsýetde, Gazagystanda, Günorta Koreýada, Türkiýede we Ýewropa ýurtlarynda migrant işçi bolmaga mejbur bolýarlar.

Kerimowyň 48 ýaşly uly gyzy kakasy heniz prezident wagtynda, 2014-nji ýylda öý tussaglygyna alyndy. Yslam Kerimow tä ölýänçä, 2016-njy ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. 2017-nji ýylyň dekabrynda Gülnara Kerimowa 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne soň öý tussaglygyna höküm edilip, onuň işi bäş ýyla çenli azaldyldy. 2019-njy ýylda ol türmä geçirildi.

Gülnara (çepde) we Lola Kerimowalar, Özbegistanyň ýogalan prezidenti Yslam Kerimowyň gyzlary.
Gülnara (çepde) we Lola Kerimowalar, Özbegistanyň ýogalan prezidenti Yslam Kerimowyň gyzlary.

Gülnara Kerimowa 2020-nji ýylyň mart aýynda ýaňadan sud edilip, 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi: ol mejbur edip para almakda, pul ýuwmakda we beýleki jenaýatlarda günäli tapyldy.

Kerimowyň kiçi gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa häzirki wagtda Özbegistanyň daşynda ýaşaýar. Onuň Ýewropada, käte ABŞ-da wagt geçirýändigi habar berilýär. Aýdylyşa görä, 2016-njy ýylda Kerimow ölenden soň, Lolanyň adamsy Timur Tillýaýewiň hem onuň maşgalasynyň elinde bolan käbir öňdebaryjy kompaniýalary Özbegistan yzyna alypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG