Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu Ysraýylyň ýük gämisiniň partlamasynda Eýrany günäkärleýär


"MW Helios Ray" ýük gämisi Dubaýdaky duralgada, 28-nji fewral
"MW Helios Ray" ýük gämisi Dubaýdaky duralgada, 28-nji fewral

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu geçen hepde Oman aýlagynda Ysraýylyň eýeçiligindäki ýük gämisine hüjüm etmekde Eýrany günäkärledi, bu aýyplama Tähran tarapyndan ret edildi.

Netanýahu 1-nji martda Kan döwlet radiosyna beren interwýusynda "Bu hakykatdanam Eýran tarapyndan edilen operasiýa. Bu düşnüklidir" -diýdi. Ol "Eýran Ysraýylyň iň uly duşmany, men muny bes etmek kararyna geldim" diýip belledi.

Netanýahu bu barada Ysraýylyň ar aljakdygy baradaky soraga jogap berip aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh ýük gämisine edilen hüjümiň arkasynda Tähranyň bardygy baradaky aýyplamalary ret etdi we Netanýahunyň "Eýrana garşy gazabyndan ejir çekýändigini" aýtdy.

Ysraýylyň eýeçiligindäki "MW Helios Reý", ulag daşaýjy gämi Saud Arabystanynyň Dammam portundan Singapura gidip barýarka, 25-nji fewralda partlama duçar boldy. Partlama ýitgisi bolmady, ýöne gäminiň Ysraýyl eýesi parlamanyň gämide iki sanysy ýarym metrlik deşigi galdyrandygyny aýtdy.

Bagamanyň baýdagyny göterýän, Man adasynda hasaba alnan gämi häzirki wagtda Dubaýda saklanýar. Hadysany derňemek üçin Ysraýylyň topary iberildi.

Soňky ýyllarda strategiki Pars aýlagynda bolan, şol sanda 2019-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystanynyň iki nebit tankeri bilen baglanyşykly hüjümleriň arkasynda Eýranyň ýa-da onuň sebitdäki wekilleriniň durandygy öýdülýär.

Eýran bu hüjümler bilen bagly aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG