Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Afrika çäklendirmeleri ýeňilleşdirýär, Braziliýada we Ýewropada wirus görnüşlerinden alada artýar


COVID-19 testi (illýustrasiýa suraty)
COVID-19 testi (illýustrasiýa suraty)

Günorta Afrika birnäçe hepde dowam eden berk koronawirus çäklendirmelerinden çykýar, Braziliýanyň paýtagt regiony we Ýewropanyň käbir bölekleri bolsa, pandemiýanyň güýçlenmek howpy zerarly çäklendirmeleri güýçlendirýär.

Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosa 1-nji martdan başlap infeksiýalaryň “düýpgöter pese gaçmagyndan” soň koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp başlajakdygyny aýtdy.

Günorta Afrika wirusynyň has howply hasaplanýan görnüşinden ejir çekdi we onuň ýaýramagy bilen baglanyşykly howatyrlanmalar tutuş dünýäde aladalary artdyrdy.

Braziliýa, ilkinji gezek Amazoniýanyň Manaus şäherinde tapylan wirus görnüşiniň ýurda ýaýramagy zerarly erbet ýagdaýy başdan geçirýär. Epidemiologlar wirusyň bu görnüşiniň has ýokançly bolup, täze tolkuny güýçlendirjekdigini aýdýarlar.

Braziliýanyň paýtagty hepdäniň ahyrynda birnäçe regionda we şäherlerde kesellänleriň, hassahana ýerleşdirilenleriň we ölenleriň köpelmeginde soň iki hepdelik berk çäklendirmeleri girizdi.

Bu aralykda, Britaniýa ýurtda Braziliýadaky wirus görnüşiniň bardygyny anyklady. Geçen ýylyň ahyrynda Britaniýada koronawirusyň has ýokançly görnüşi tapylypdy.

Britaniýadaky wirus görnüşi soň Ýewropanyň köp böleginde tapyldy we üçünji tolkunyň döremek gorkusyna sebäp boldy. Çehiýadan Portugaliýa çenli ýurtlaryň ençemesi berk çäreleri girizdi.

XS
SM
MD
LG