Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistanda müňlerçe adam Paşinýanyň işden çekilmegini talap edip, ýöriş geçirdi


Ermenistanda oppozisiýa tarapdarlary premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işden çekilmegini talap edip, parlament binasynyň daşynda ýöriş geçirýär. 3-nji mart, 2021 ý. Ýerewan.

Ermenistanda müňlerçe oppozisiýa tarapdary premýer-ministr Nikol Paşinýanyň wezipeden çekilmegini talap etmek üçin paýtagt Ýerewanda ýöriş geçirdi.

10 müňden gowrak demonstrant 3-nji martda parlament binasynyň içine we üçegine mergen ýerleşdirmek ýaly berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda binanyň öňünde ýygnanyşdy.

Ondan ozal, Paşinýan maslahata gatnaşmak üçin parlamente geldi.

Bu ýöriş prezidentiň ýaragly güýçleriň başlygyny işden boşatmak baradaky buýruga gol çekmekden ýüz öwürmeginiň yz ýany Ermenistanda syýasy krizisiň has çuň näbellilige tarap ýönelmeginiň ertesi güni geçirildi.

Geçen hepde ýokary derejeli harbylar Azerbaýjan bilen bolan söweşe çemeleşigi sebäpli Paşinýany işden çekilmäge çagyranda, Paşinýan olary agdarylyşyk synanyşygynda aýyplady we Baş ştabyň ýolbaşçysyny işden aýyrmak isledi.

Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan 2-nji martda ikinji gezek Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýany wezipeden boşatmak baradaky buýruga gol çekmekden boýun gaçyrdy. Ermenistanda prezidentiň roly esasan simwoliki häsiýete eýedir.

Geçen ýyl Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda alty hepde dowam eden çaknyşygyň yz ýany, Paşiniýan oppozisiýanyň barha ýokarlanýan protestlerine we işden çekilmek çagyryşlaryna sezewar boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG