Gazagystanyň günortasyndaky kazyýet iki oppozisiýa toparyny goldaýan adamlara garşy görülýän çäreleriň çäginde gadagan edilen Koşe (Köçe) partiýasy we Gazagystanyň Demokratik Saýlawy (DVK) hereketi bilen gatnaşygy sebäpli iki aýala şertli tussaglyk hökümini çykardy.
Taraz şäher kazyýeti 4-nji martda, gadagan edilen toparlaryň işjeňliklerini guramakda we olara gatnaşmakda günäkär tapylandan soň, Nazira Lesowany we Nazira Lepesowany iki ýyl "azatlykdan çäklendirdi". Lepesowa 100 sagat jemgyýetçilik işine-de höküm edildi.
Aýallaryň ikisi-de, syýasy äheňli diýip, bu aýyplamalary ret etdi. Şeýle-de, olar bu kararlardan şikaýat etjekdiklerini aýtdylar. Iki gün öň bu kazyýet başga bir aktiwisti, Žazira Kambarowany hem şol aýyplama esasynda iki ýyl azatlykdan çäklendirmek jezasyna höküm etdi.
Merkezi Aziýa ýurdunyň çäginde birnäçe aktiwiste garşy Koşe partiýasynyň we DVK-nyň işine gatnaşandygy, şeýle-de, bu iki topar tarapyndan gurnalan ýörişlere goşulandygy üçin "azatlygy çäklendirmek" hökümi çykaryldy.
DVK-a Gazagystanyň BTA bankynyň öňki başlygy we gazak hökümetini aç-açan tankytlaýan gaçgak Muhtar Ablýazow ýolbaşçylyk edýär.
Gazagystanyň häkimiýetleri DVK-ny ekstremist diýip atlandyrdylar we 2018-nji ýylyň mart aýynda gadagan etdiler.
Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Gazagystanyň köpçülikleýin ýygnaklar baradaky kanunynyň halkara ülňülerine ters gelýändigini aýtdylar, sebäbi bu kanunda ýygnak geçirmek üçin häkimiýetleriň deslapky rugsady talap edilýär.
Şeýle-de, ýurduň konstitusiýasynyň raýatlaryň erkin ýygnanyşmak hukugyny kepillendirýändigine garamazdan, bu kanun rugsat berilmedik demonstrasiýalary guranlaryň we olara gatnaşanlaryň jogapkärçilige çekilmegini göz öňünde tutýar.