Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki dikuçar heläkçiliginde azyndan 11 harby öldi


Deslapky maglumatlara görä, heläkçiligiň sebäbi howanyň erbetligi ýa-da dikuçaryň tehniki näsazlygy bilen baglanyşykly bolup biler.
Deslapky maglumatlara görä, heläkçiligiň sebäbi howanyň erbetligi ýa-da dikuçaryň tehniki näsazlygy bilen baglanyşykly bolup biler.

Türk metbugatynyň dördünji gün beren habaryna görä, Gündogar Türkiýäniň Bitlis sebitinde bolan dikuçar heläkçiliginde 11 türk esgeri ölüp, üç adam ýaralandy. Ölenleriň arasynda general Osman Erbaş hem bar. Ol gury ýer goşunlarynyň 8-nji goşun bölümine serkerdelik edýärdi.

Deslapky maglumatlara görä, heläkçiligiň sebäbi howanyň erbetligi ýa-da dikuçaryň tehniki näsazlygy bilen baglanyşykly bolup biler.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg harbylaryň ölümi bilen baglanyşykly Türkiýä gynanç bildirdi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem, resmi metbugatyň 5-nji martdaky habaryna görä, bäşinji gün öýlän harby dikuçaryň heläkçiligi bilen baglanyşykly gynanjyny bildirip, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hat iberdi.

XS
SM
MD
LG