Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýar


 Sadyr Žaparow
Sadyr Žaparow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana, Hytaýa we Täjigistana sapar etmegi planlaşdyrýar diýip, “Türkmenportal” resmi maglumata salgylanyp habar berýär.

Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýew bu barada “Sputnik” neşrine aýdypdyr.

Sadyr Žaparow gyrgyz prezidenti hökmünde mundan öň Gazagystana we Russiýa sapar etdi.

Şeýle-de, gyrgyz lideriniň 11-12-nji martda Özbegistana sapar etmegine garaşylýar.

S.Žaparow Gyrgyzystanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda ýeňiji bolup, şu ýylyň 28-nji ýanwarynda kasam kabul etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şonda ony wezipä girişmegi bilen gutlap, Türkmenistana sapara çagyrdy.

XS
SM
MD
LG