Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mariýa Kalesnikowa "Iň batyr aýallar" baýragyna mynasyp boldy


Mariýa Kalesnikowa
Mariýa Kalesnikowa

Belarus oppozisiýasynyň utgaşdyryjy geňeşiniň prezidiumynyň agzasy Mariýa Kalesnikowa 2021-nji ýylda "Dünýäniň iň batyrgaý aýallary" baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak ABŞ-nyň Döwlet sekretary tarapyndan 15 ýyl bäri berilýär.

Bu baýrak 8-nji martda, döwlet sekretary Entoni Blinkeniň geçirjek wirtual dabarasynda gowşurular. Şeýle-de, dabarada ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýdeniň ýörite çykyş etjegi habar berilýär.

“2020-nji ýylyň 9-njy awgustynda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda, köp derejede Mariýa Kalesnikowanyň kömegi bilen, belarus aýallary agalyk ediji syýasy güýje we Belarusdaky jemgyýetçilik özgerişlerine itergi beriji kuwwata öwrüldi. Häkimiýetler ýurduň iň meşhur erkek oppozisiýa kandidatlaryndan üçüsini türmä basandan ýa-da ýurtdan çykarandan soň, Mariýa we onuň egindeşleri Aleksandr Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşyna taryhy we yzygiderli synag döretdiler. Mariýa dawaly saýlawlardan soň, türme tussaglygynyň ejirini çekip, Belarusyň içindäki oppozisiýanyň ýüzi bolmagyny dowam etdirýär" diýip, ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda çap edilen habarda nygtalýar.

Bir ýylky baýraga Birmanyň, Kamerunyň, Hytaýyň, Kolumbiýanyň, Kongo Demokratik Respublikasynyň, Gwatemalanyň, Eýranyň, Nepalyň, Somaliniň, Ispaniýanyň, Şri-Lankanyň, Türkiýäniň we Wenezuelanyň wekilleri hem mynasyp boldy diýip, Colta neşiri belleýär.

Mundan başga, Blinken 2020-nji ýylda öz watandaşlarynyň durmuşyny gowulaşdyrmak ugrundaky tagallalary sebäpli öldürilen ýedi owgan aktiwistini sylaglar.

XS
SM
MD
LG