ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinkeniň Owganystanyň hökümeti bilen "Talybanyň" arasynda petige direlen parahatçylyk prosesini güýçlendirmek üçin birnäçe ädimlere taýýarlanýandygy media maglumatlarda habar berilýär.
Owganystanyň TOLO news agentligi Blinkeniň bu tekliplerini prezident Aşraf Ganiniň adyna ýazan hatynda görendigini habar berýär.
"Nýu-Ýork Taýms" neşri hem şeýle teklipleriň bardygyny ABŞ-nyň we Owganystanyň resmilerine salgylanyp, tassyklady.
Prezidentiň metbugat sekretarynyň orunbasary Dawa Han Minhapal Aşraf Ganiniň haty alandygyny Azatlyk Radiosyna tassyklady, ýöne mazmuny barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
Bu hatyň, Owganystanda 2001-nji ýylda başlanan we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa tarapyndan "Talyban" häkimiýet başyndan çetleşdirilenden soň dowam edýän urşuň soňuna çykmak üçin kömege gönükdirilýär.
Häzirki wagtda ýurtda terrorçylyga garşy operasiýalar boýunça koalisiýa ýolbaşçylyk edýän ABŞ-nyň esasan türgenleşik güýçleriniň 2500 esgeri galýar.
TOLOnews we "Nýu Ýork Times" gazetleriniň ikisiniň habaryna görä, Blinkeniň hatynda "Talyban" bilen baglaşylan şertnamada görkezilişi ýaly, galan 2500 amerikan goşunyny 1-nji maýda Owganystandan çykarmak barada Waşingtonyň karara gelip-gelmändigi aýdylmaýar.