Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy taryhy saparyndan soň Yrakdan Rime bardy


Papa Fransis Yraga saparyndan ozal uçarda žurnalistler bilen salamlaşýar
Papa Fransis Yraga saparyndan ozal uçarda žurnalistler bilen salamlaşýar

Rim papasy Fransis 8-nji martda Yraga eden taryhy saparyny tamamlady, uçarly Bagdatdan ugrap, konfliktlere uçran şäherlere aýlandy, musulman we hristian liderleri bilen duşuşdy we parahatçylygy hem bilelikde ýaşaşmagy wagyz etdi.

Yragyň prezidenti Barham Salih, 84 ýaşly papany Bagdadyň howa menzilinde garşy aldy.

Papa Fransis Yraga eden ilkinji saparynyň dowamynda "Yslam döwleti" hereketiniň öňki galasy hasaplanýan Mosul ýaly dört şähere aýlanyp, yraklylara "parahatçylyk uruşdan has güýçlüdir" diýen sözler bilen goldaw bildirdi.

Papa Yrak "hemişe meniň bilen, ýüregimde galar" diýdi.

Rim papasynyň, Yragyň baş şaýy ruhanysy aýatolla Ali al-Sistani bilen duşuşygy hem taryhy ähmiýete eýe boldy.

Saglygy saklaýyş bilermenleri saparyň öňüsyrasynda ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýyň erbetleşýän döwründe uly ýygnanyşyklaryň ýagdaýy has ýaramazlaşdyryp biljekdigi baradaky aladalaryny mälim etdiler.

Rim papasyna we onuň resmi toparyndaky resmilere waksina edildi.

XS
SM
MD
LG