Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir hepdä golaý Moskwanyň aeroportunda galýan türkmen aktiwisti Putinden kömek soraýar


Rozgeldi Çöliýew
Rozgeldi Çöliýew

Bir hepde töweregi wagt bäri Moskwanyň aeroportunda daşary çykarylman saklanýan Türkmenistanyň raýaty Orsýetiň prezidentine kömek sorap ýüzlendi.

Rozgeldi Çöliýewiň wideo çykyşy 7-nji martda adam hukuklaryny goraýjy Türkmen Helsinki fondy tarapyndan YouTube-da çap edildi.

Türkmen Helsinki Fondunyň habaryna görä, internetde çap eden maglumatlary sebäpli watanynda yzarlanmak howpy abanýan bu öňki talyp 2-nji martdan bäri Moskwanyň Şeremetýewo halkara aeroportunyň "D" terminalynda galýar we Orsýet Federasiýasynyň "Bosgunlar barada" kanunyna laýyklykda gaçybatalga almak baradaky arzasyna seredilmegini isleýär. Serhetçiler arzasyny kabul etmekden ýüz öwürýärler we her gün deportasiýa etmek bilen haýbat atýarlar.

3-nji martda adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” merkezi türkmen häkimiýetlerini aç-açan tankytlamagy bilen tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkiýeden Orsýete baransoň tussag edendigini habar berdi. 27 ýaşly Rozgeldi Çöliýew Stambuldan barandan soň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda galdy.

"Memorial" merkezi Çöliýewiň Türkmenistanda ýa-da Orsýetde resmi taýdan gözlegde bolmasa-da, gaçybatalga soramak üçin migrasiýa gullugyna ýüzlenmek mümkinçiliginden mahrum edilýändigini habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň bellemegine görä, Orsýetiň serhetçileri Çöliýewiň pasportynda rus wizasynyň bardygyna garamazdan, ony Türkiýä ibermäge synanyşdylar. Şeýle-de bolsa, aeroportuň wekilleri Çöliýewiň gaçybatalga soraýandygyny we adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň onuň işini agzandygy mälim edensoň, ony deportasiýa etmekden saklandyrlar. Olar Çöliýewe koronawirus pandemiýasy sebäpli, onuň Türkmenistanyň raýaty hökmünde Orsýete goýberilmeýändigi we häzirki wagtda Türkmenistana uçarlaryň ýokdugy sebäpli Türkiýä gaýdyp barmalydygyny aýtdylar.

Çöliýew rus resmileriniň Stambuldaky türkmen konsullygy bilen eýýäm habarlaşandyklaryny we olaryň "näme etmelidigini" kesgitlemek üçin oppozision aktiwisti aeroportda garşylajakdygyny özüne duýdurandygyny aýtdy. Çöliýew bu mümkinçiligi düýbünden ret edensoň, rus resmileri bu ýagdaýda Moskwadaky türkmen konsullygynyň işgärleriniň aeroporta çagyrylyp, "olar bilen bilelikde" bu meseläniň çözüljekdigini aýdypdyr.

Çöliýew 4-nji martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň henizem Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunyň neýtral zolagyndadygyny we penşenbe güni Türkiýä iberiljekdigi barada iki gezek duýdurylandygyny habar berdi. Şeýle-de, aktiwist Türkmen howpsuzlyk güýçleriniň Türkmenistandaky maşgala agzalaryna edilýän basyşlaryny artdyrandygyny habar berdi.

Dekabr aýynda adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkezi we Türkmen Helsinki Fondy Orsýetiň Karaçaý-Çerkess regionynyň uniwersitetiniň studenti Rozgeldi Çöliýewe YouTube-da türkmen hökümetini "tankyt edendigi" üçin azar berlendigini habar beripdi.

Rozgeldi Çöliýew Moskwa aeroportundan başdan geçirenlerini gürrüň berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:25 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG