Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owlak-guzularyň 80%-i öldi, ekilen kartoşkalary sowuk urdy, emeldarlar kömek soranyň ýüzüni alýar


Türkmen çopany goýunlaryny suwa ýakýar.
Türkmen çopany goýunlaryny suwa ýakýar.

Çopanlar owlak-guzy planyny 100% ýerine ýetirmese, döwlet olaryň aýlyklaryny bermeýär, ölen owlak-guzularyň tölegi hem çopanlardan tutulýar; öli doglan owlak-guzularyň läşlerini saklap, mal doktoryna hasaba aldyrmaly diýip, çopanlar gürrüň berýär.

Türkmenistanly maldarlar we daýhanlar adaty bolmadyk howa şertleri sebäpli agyr zyýan çekýärler, emma ýurtdaky ýapyklyk çekilen zyýanyň, soňky ýyllarda dowamly garyp düşendigi aýdylýan oba adamlarynyň maddy ýitgileriniň möçberlerini anyklamaga mümkinçilik bermeýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen gürleşen darganataly, dänewli çopanlar şu ýyl aşa sowuk gelen gyş sebäpli owlak-guzularyň 80 göterimi çemesiniň haram ölendigini aýtdylar.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki mallar köplenç ot-iým bilen ýeterlik üpjün edilmeýär we gyş aýlarynda sowuk, ygally günleriň uzaga çekmegi hemişe uly zaýaçylyga we ýitgä alyp gelýär.

Özüni Kerem Seýitnazarow diýip tanadan darganataly çopanyň sözlerine görä, geçen gyşdaky sowuk, aýazly howa hem uzaga çekdi we çopanlar o günleri kyn ýagdaýda, agyr geçirdiler.

Kerem döwletiň müňe golaý goýun-geçiisini bakýar. Ol ýaz, tomus aýlarynda mallaryny çöl ýerlerdäki öri meýdanlaryna äkidip baksa, gyşyna daýhan birleşiginiň çägine getirýär.

Eger-de çopanlar owlak-guzy planyny 100% ýerine ýetirmese, döwlet olaryň aýlyklaryny bermeýär, ölen owlak-guzularyň tölegi hem çopanlardan tutulýar; öli doglan owlak-guzularyň läşlerini saklap, mal doktoryna hasaba aldyrmaly diýip, çopanlar gürrüň berýär.

Şeýle-de, aýdylmagyna görä, etrap resmileri haram ölen mallary hem döwlete tabşyrylýan ete goşýar we soň olar bazarlara çykarylyp, ilata satylýar. Çopanlardan bu barada hiç kime hiç zat aýtmazlyk talap edilýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen lebaply çopan aýtdy.

Diňe Lebapda däl, Balkanda hem maldarlar agyr şertlerde işleýärler. Azatlygyň bu sebitdäki habarçysynyň geçen ýylyň başynda beren maglumatyna görä, ot-iýmiň we zerur dermanlaryň ýetmezçiligi, keselçilik zerarly haram ölen goýun-geçiler sebäpli çopanlar prokuraturadan "azar ýamanyny görýär".

Azatlygyň habarçylary diňe döwlet eýeçiligindäki mallaryň däl, hususy eýeçilikdäki mallaryň ot-iým, derman üpjünçiliginiň uly mesele bolmagynda galýandygyny, gyşyň sowuk geljek ýyllary mallaryny satýan adamlaryň köpelýändigini habar berýärler.

Mundan başga, kesellän mallaryň beýleki sebitlerde hem öldürilip, bazara çykarylýan halatlarynyň az bolmaýandygy habar berilýär.

Aşa sowuk gelen gyş bu ýyl daýhanlary hem ullakan zyýana goýana meňzeýär. Ahal sebitiniň Bäherden etrabyndan gelen maglumata görä, ekilen ýeralmalary uçdantutma sowuk urupdyr.

Sünçe obasynyň özüni Gurban diýip tanadan ýaşaýjysy 10 gün ozal, howa maýlap, miweli agaçlar gülläp başlanda, obanyň gaýrasyndaky Garagum kanalynyň boýunda ýerleşýän ekin meýdanynda 2 tonna tohumlyk kartoşka ekendigini gürrüň berdi.

"Aradan iki gün geçeninden soň howa sowap, çygly toprak doňup, ýere atylan kartoşka tohumlaryny sowuk aldy. Olar suw bolup, topraga garylypdyr" diýip, 46 ýaşly daýhan Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gurban tohumlyk ýeralmanyň her kilogramyna 13 manat nagt pul töläp, 2 tonna kartoşka ekipdir.

"Tohumlyk ýeralma we ekiş işleri üçin 40 müň manat çykdajy edip, tebigy şertler zerarly agyr zyýana galdym" diýip, bäherdenli daýhan Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Gurbanyň tassyklamagyna görä, hökümet daýhana hiç bir kömek bermeýär, banklardan karz almak hem tasdan mümkin däl.

"Karz sorap ýüz tutsaň, 'näme, döwletiň ykdysady kynçylyklaryndan habaryň ýokmy, ýa siz başga planetadan geldiňizmi?' diýip, bankyň jogapkär emeldarlary ýüzüňi alýar" diýip, Gurban aýtdy.

Azatlygyň Lebap we Mary sebitlerindäki habarçylary hem geçen hepde fewralyň başlarynda gowy maýlan we soň birden gaty sowan howanyň bergi-borja girip tohum alan we kartoşka eken daýhanlary agyr ýagdaýa salandygyny habar berdi. Emma hökümetiň 5-nji martda, ýylyň iki aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ýurduň maldarlaryny we daýhanlaryny alada goýan agyr ýagdaý barada hiç zat aýdylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG