Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamenti kataloniýaly separatist Puigdemontyň eldegrilmezligini çäklendirýär


Öňki katalan lideri Çarles Puigdemont

9-njy martda Ýewropa Parlamenti Kataloniýanyň garaşsyzlygy boýunça öňki lideri Çarles Puigdemonty we onuň iki kärdeşini eldegrilmesizlik statusyndan mahrum etdi, bu olaryň Ispaniýa ekstradisiýa edilmegine ýol açar.

Puigdemontyň, öňki saglyk ministri Toni Kominiň we öňki regional bilim ministri Klara Ponsatiniň işi boýunça üç sany aýry ses berişlikde ÝB-niň 400 çemesi kanun çykaryjysy oňyn ses berdi, 248 garşy seslendi, 45 adam saklandy.

Puigdemont we Komin 2019-njy ýylda Ýewropa Parlamentine saýlanypdy, geçen ýyl Ponsati hem ýer aldy.

Olaryň parlamentdäki orunlary suda çekilmekde eldegrilmesizligini berdi. Ýöne Ispaniýanyň sudunyň haýyşy boýunça Ýewropa Parlamenti olary eldegrilmesizlikden mahrum etmek boýunça derňew işini açdy.

Kataloniýanyň regional hökümetiniň öňki lideri Puigdemont we Komin, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Kataloniýanyň garaşsyzlygy baradaky bikanun referendum basylyp ýatyrylandan soň Belgiýa gaçdy. Ponsati Şotlandiýada ýaşaýar.

Puigdemontyň Ispaniýadaky aklawçysy Gonzalo Boý öz müşderisiniň mejlisiň kararyny Lýuksemburgdaky ÝB-niň ýokary sudunda şikaýat etjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG