Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Generalyň işden boşadylmagyndan soňra, Ermenistanyň harby ýolbaşçylary premýer-ministri ýene işden çekilmäge çagyrdy


Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýan
Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýan

Ermenistanda ýokary derejeli generalyň wezipesinden boşadylmagyndan az salym soň, ýurduň Ýaragly güýçleri premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işden çekilmegi boýunça çagyryşlaryny gaýtalady.

Ýaragly güýçleriň generallary we harby komandirler özleriniň Paşinýanyň işden çekilmegi barada eden soňky talaplaryny hem-de ýurduň syýasy krizisini çözmek üçin wagtyndan öň parlament saýlawlaryny geçirmegiň ýeke-täk çykalgadygy barada aýdan sözlerini gaýtaladylar.

Günüň birinji ýarymynda Paşinýanyň Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýanyň işden boşadylandygyny mälim etmegi oppozisiýa liderleriniň hem premýer-ministre öz wezipesini terk etdirmek boýunça edýän basyşlarynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Has ozal, Panşinýan Gasparýanyň 10-njy martda wezipesinden boşadylandygyny aýtdy, oppozisiýa demonstrantlary premýer-ministriň işden çekilmegini talap etmegi dowam etdirýär.

Hökümet web-saýtynda çap edilen bildiriş Gasparýanyň işden boşadylmagy hakyndaky karara prezident Armen Sarkisýanyň gol çekmändigi sebäpli, hem-de onuň bu karar boýunça kanuny möhletde Konstitusion kazyýete appelýasiýa ýüz tutmandygy sebäpli, Gasparýanyň öz-özünden işden boşadylýandygyny aýdýar. Paşinýan harby ýolbaşçynyň işden boşadylmagy üçin prezidente ýüz tutupdy.

2018-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Paşinýan geçen aý harbylaryň onuň işden çekilmegini talap edeli bäri, krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Harbylaryň talaby Paşinýany agdarylyşyk synanyşygyny öňe sürmäge hem-de ermeni goşunynyň iň ýokary derejeli generalynyň işden boşadylmagyna synanyşmaga iterdi.

Şeýle-de, ol geçen ýyl Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda alty hepde dowam eden hem-de ermeni tarapynyň territoriýa ýitirmegine getiren çaknyşygyň yz ýany, oppozisiýanyň barha ýokarlanýan protestlerine we işden çekilmek çagyryşlaryna sezewar boldy.

Müňlerçe oppozisiýa tarapdary 9-njy martda Paşinýanyň işden çekilmegini talap edip, Ýerewanda parlament binasyny petikledi.

Demonstrantlar parlament binasynyň daşyny baglap, wagtal-wagtal polisiýa bilen dawalaşdy, birnäçe kanunçykaryjy zorlugyň öňüni almak üçin taraplary aralady.

Jemgyýetçilik tertip-düzgünini goramaga degişli esbaplar bilen enjamlaşdyrylan polisiýa işgärleri üýşmeleňi dargatmaga synanyşmady.

Dowam edýän bulam-bujarlyk Paşinýanyň noýabr aýynda gol çeken hem-de ermeni güýçlerini Azerbaýjanyň türk goldawly goşunlarynyň garşysynda territorial taýdan we söweş meýdanynda ýitgilere sezewar eden söweşleriň soňuna çykan rus araçylygyndaky ylalaşykdan ugur alýar.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan

Ylalaşyga laýyklykda Ermenistan 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri ermeni güýçleri tarapyndan dolandyrylýan Daglyk-Garabagyň ýer bölekleriniň hem-de onuň töweregindäki ýedi azerbaýjan etrabynyň gözegçiligini tabşyrmaly boldy.

Paşinýan 25-nji fewralda Gasparýany we beýleki ýokary derejeli harby ofiserleri agdarylyşyk synanyşygynda aýyplap, Gasparýanyň işden çekilmegini talap edende ýurtdaky syýasy dartgynlylyk ýokarlandy. Munuň öň ýany, ýokary derejeli harbylar Paşinýany wezipeden çekilmäge çagyrdy.

Krizisiň fonunda Paşinýanyň goldawçylary we oppozisiýa paýtagtda ýöriş geçirýär.

Paşinýan krizisi köşeşdirmek synanyşygynyň çäginde şu ýyl wagtyndan öň parlament saýlawlaryny geçirmegi teklip etdi, ýöne oppozisiýanyň işden çekilmek babatda özünden edýän talaplaryndan boýun towlady.

Paşinýan noýabr ylalaşygyny Azerbaýjan harbylarynyň tutuş Daglyk-Garabag sebitini dolandyrmagynyň öňüni almak üçin ýeke-täk ýol hökmünde gorap çykyş etdi.

Russiýa ylalaşygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin sebite 2,000 parahatçylyk goraýjysyny ýerleşdirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG