Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan 'agdarylyşyk synanyşygy' diýenden soň, Ermenistandaky ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan

Premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň ýokary derejeli harby ofiserleriň işden çekilmek baradaky çagyryşyny ret edip, "agdarylyşyk synanyşygy" barada duýduryş bereninden bir gün soň, Ermenistanda dartgynlylyk ýokary bolmagynda galýar, dünýä döwletleri taraplaryň ählisini güýçlenýän syýasy krizisiň öňüni almaga çagyrýar.

Geçen ýyl Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda alty hepde dowam eden çaknyşygyň yz ýany, Paşiniýan oppozisiýanyň barha ýokarlanýan protestlerine we işden çekilmek çagyryşlaryna sezewar boldy.

Russiýanyň töwellasy bilen gazanylan hem-de Paşiniýanyň gol çeken ýaraşyk ylalaşygy Daglyk-Garabag üstünde 44 gün dowam eden uruşlaryň soňuna çykdy. Onda ermeni güýçleri Azerbaýjanyň türk goldawly goşunlarynyň garşysynda territorial taýdan hem-de söweş meýdanynda ýitgi çekdi.

Ýokary derejeli harby ýolbaşçylar oppozisiýanyň premýeriň wezipesinden çekilmegi barada edýän talaplaryna goşulandan soň, Paşiniýan 25-nji fewralda Ýerewanyň merkezinde 20,000 töweregi tarapdaryna ýüzlenip, ermenileriň ýaragly güýçleriň ara girmegine ýol bermejekdigini aýtdy.

Şu aralykda, premýer-ministre garşy 10,000 adamlyk protest guran oppozisiýa partiýalary, Paşiniýanyň işinden aýrylmagyny talap edip, parlament binasynyň daşynda lagerleri we barrikadalary gurdy.

Oppozisiýa partiýalarynyň premýer-ministrlige bilelikdäki kandidaty Wazgen Manukian Paşiniýany wezipesinden çetleşdirmek üçin parlamentde adatdan daşary sessiýa geçirilýänçä gije-gündiz, dyngysyz protest bildirmek haýbatyny atdy.

Ýöne oppozisiýa fraksiýalarynyň 26-njy fewralda gyssagly parlament maslahatyny geçirmek plany, oňa parlament spikeri gatnaşmansoň, başa barmady diýip, “Ýagty Ermenistan” oppozisiýa fraksiýasynyň ýolbaşçysy Edmon Marukiýan žurnalistlere aýtdy.

Ýerewanyň köçelerinde ýörişe öňbaşçylyk eden premýer ministr 25-nji fewralda berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda söz sözläp, günüň birinji ýarymynda harby Baş ştabyň onuň hem-de onuň hökümetiniň işden çekilmegini talap eden hatyna reaksiýa bildirdi.

Goranmak ministrligi harbylaryň syýasata islendik gatyşygynyň “kabul ederliksizdigini” aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Parlamentde "Meniň ädimim" bileleşiginiň köplügine eýe bolan Paşiniýan oppozisiýanyň irki saýlawlar baradaky talaplaryny ret etdi we maslahata çagyrdy.

Täze dörän krizis raýat hökümetine çalasyn halkara goldawynyň berilmegine hem-de saklanmak çagyryşlaryna getirdi.

Ermenistan bilen dostlukly gatnaşyklary bolan ABŞ harbylara duýduryş berdi we taraplary zorlukdan saklanmaga çagyrdy.

“Biz ähli taraplara demokratiýanyň esasy ýörelgesini, döwletleriň ýaragly güýçleriniň içerki syýasata gatyşmaly däldigini ýatladýarys” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs aýtdy.

Ermenistanyň möhüm ýarany bolan Russiýa hem asudalyga çagyrdy, prezident Wladimir Putin Paşiniýan bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy. Russiýanyň Ermenistanda harby bazasy bar.

“Putin Ermenistanda tertip-düzgüni hem-de asudalygy saklap galmagyň, ýagdaýy kanuna laýyklykda çözmegiň tarapynda gürledi” diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy. “Prezident Putin Ermenistanyň kanuny häkimiýetlerini goldaýar we ýagdaýyň mümkingadar iň gysga wagtda çözülmegini umyt edýär” diýip, ol aýtdy.

Paşiniýan 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri ermeni güýçleri tarapyndan basylyp alnan Daglyk-Garabagyň ýer bölekleriniň hem-de onuň töweregindäki ýedi azerbaýjan etrabynyň gözegçiligini tabşyrmaga mejbur edildi. Muňa köp sanly ermeni garşy çykdy.

Harby serkerdeleriň hatynda Baş ştab Paşiniýany we onuň hökümetini ýurda “çöküş howpuny getirmekde” aýyplady we onuň ermeni halky üçin möhüm pursatda mundan beýläk kanagatly kararlary kabul edip bilmeýändigini aýtdy.

Hat şondan bir gün ozal, Baş ştabyň başlygynyň birinji orunbasary Tiran Haçatriýanyň Paşiniýan tarapyndan işden boşadylmagyna “aýgytly protest” beýan etdi, premýer-ministriň sebäplerini “ýöntem”, hereketlerini “döwlete garşy jogapkärçiliksiz ädim” altandyrdy.

Has ozal, Haçatriýan söweşlerde Azerbaýjana garşy ulanylan rus ýaraglaryna Paşiniýanyň beren synyna kinaýaly çemeleşipdi.

Hata onlarça harby resmi, şol sanda Baş ştabyň başlygy Onik Gaspariýan gol goýdy.

Hatyň çap edilmeginden sähel salym soň, Paşiniýan dessine Gaspariýanyň işden aýrylmagy üçin herekete geçdi: prezident Armen Sarkisiýandan ony işde boşatmak barada karara gol çekmegi, ýa-da Gaspariýanyň öz arzasy bilen işden çekilmegini talap etdi.

Öz roly esasan simwoliki ähmiýete eýe bolan Sarkisiýan krizisiň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görýändigini aýtdy we taraplaryň ählisini "saklanmaga we paýhasly bolmaga" çagyrdy.

Prezidentiň metbugat gullugy 26-njy fewralda onuň “ýurtdaky dartgynlylygy gowşatmak hem-de dowam edýän ýagdaýa parahatçylykly çözgüt tapmak üçin” Gaspariýan bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG