Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow agyr atletikada dünýä çempiony bolan türkmenistanly gyz pälwana “Lexus” sowgat etdi


Ýulduz Jumabaýewa

2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmenistanly gyz pälwan Ýulduz Jumabaýewa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sylaglandy. Bu barada Turkmen.news neşiri türkmen mediasyna salgylanyp habar berýär.

10-njy martda Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada gyz pälwana halkara ýaryşda gazanan altyn medaly gowşuryldy.

Şeýle-de, prezident türgeni “Watana bolan söýgüsi” üçin diýen medal bilen sylaglady we oňa “Lexus” kysymly awtoulag sowgat etdi. Türgeniň tälimçisi Meretguly Sähetmyradow hem “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglandy we oňa täze kwartira sowgat edildi.

Şol bir wagtyň özünde, Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýewi “Gaýrat” medaly bilen sylaglady.

Turkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, gyz pälwana awtoulag gowşurylmagy sorag döretdi, sebäbi Türkmenistanda zenanlar sürüjilik şahadatnamalary bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýärler.

2018-nji ýylyň 1-10-njy noýabr aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçirildi. Çempionatyň 45 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlarynda, ilkibaşda, tailandly Thunýa Sukharoen altyn medal gazandy. Ýöne Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýaryşlardan soňky doping barlaglary tailandly türgeniň bellenen düzgünleri bozandygyny ýüze çykardy we ony medaldan mahrum etdi hem-de kümüş medal gazanan Ýulduz Jumabaýewany bu ýaryşyň ýeňijisi diýip yglan etdi.

22 ýaşly sportçy 2017-nji ýylda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda-da bürünç medal gazanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG