Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň koronawirusy pandemiýa yglan etmegine bir ýyl doldy


BSG-niň nyşany

Dünýä koronawirusyň ilkinji hadysalarynyň Hytaýda anyklanmagyndan habarly bolandan tas üç aý soň, geçen ýyl 11-nji martda Bütindünýä Saglyk Guramasy dünýäniň çar künjüne çalt ýaýraýan täze koronawirusy “pandemiýa” yglan etdi.

Bu bildiriş dünýäni tolgundyrdy, ykdysadyýetleri togtadyp, miliardlarça adam üçin durmuşy başaşak etdi.

“Öňümizdäki günlerde we hepdelerde, biz hadysalaryň, ölüm sanlarynyň we täsirlenen ýurtlaryň sanynyň has ýokarlanmagyna garaşýarys” diýip, BSG-niň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus şonda çykyş edipdi.

“Biz mundan ozal asla koronawirus tarapyndan tutaşan pandemiýa görmedik” diýip, ol aýtdy. “Şol bir wagtyň özünde, biz mundan ozal asla, gözegçilik astyna alyp bolýan pandemiýa görmedik” diýip, sözüne goşdy.

Jons Hopkins uniwersitetine görä, pandemiýa tutuş dünýäde 2,6 million adamyň janyny aldy, 118 million adama ýokaşdy, ýöne bu sanlaryň has ýokarydygyna ynanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG