Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň premýer-ministri Netanýahu ilkinji gezek Birleşen Emirliklere sapar eder


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 11-nji martda Birleşen Arap Emirliklerine taryhy sapar amala aşyrar. Bu sapar Ysraýylda geçiriljek saýlawlaryň öň ýany, aýlag ýurdy bilen arada täze ýola goýlan gatnaşyklara üns çeker.

Ysraýyl mediasyna görä, Netanýahunyň Abu Dabiniň aeroportunda täç geýen şazada Şeýh Mohammed bin Zaýed al-Nahaýan bilen duşuşmagyna garaşylýar we ol şol günüň özünde yzyna dolanar.

Ysraýyl hökümeti has ozal meýilleşdirilen, ýöne koronawirus sebäpli wagty yza süýşürilen bu sapary tassyklamady.

ABŞ araçylygynda Ysraýyl sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn bilen resmi gatnaşyklary ýola goýdy. Bu ýurtlar Müsür we Iordaniýadan soň ýewreý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan üçünji we dördünji arap döwletleri boldy.

Olardan soň Sudan we Marokka Ysraýyl bilen gatnaşyklary ýola goýdy.

Netanýahu ýetip gelýän korrupsiýa bilen bagly sud diňlenişiginiň hem-de koronawirus sebäpli ykdysady pese gaçyşlygyň arasynda 23-nji martda Ysraýylda soňky iki ýylda geçirilen dördünji saýlawlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ol ýurduň üstünlikli sanjym meýilnamasyny öz saýlaw kampaniýasynyň merkezine çekdi.

Ol Eýran boýunça arap döwletleri bilen aradaky umumy aladanyň arasynda Ysraýylyň arap goňşulary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda özüniň diplomatik ukyplaryny görkezmäge synanyşdy

9-njy martda Ysraýylyň Armiýa radiosyna beren interwýusynda Netanýahu özüniň sebitde “has köp parahatçylyk ylalaşyklaryny” gazanyp bileri ýaly, hem-de “Eýranyň ýadro ýaraglary bilen ýaraglanmazlygyny” üpjün etmek üçin saýlawçylary özüniň sagçy Likud partiýasyny goldamaga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG