Ermenistanyň ilkinji prezidenti Lewon Ter-Petrosiýan “halkyň bähbidi üçin” premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň dessine wezipesinden çekilmegine çagyrdy.
Ter-Petrosiýan Paşiniýanyň wezipesinden öz meýli bilen gitmelidigini, parlament tarapyndan oňa “el degirilmesizlik kepilleriniň” berilmelidigini, şeýle-de onuň wagtlaýyn hem bolsa ýurdy terk etmelidigini aýtdy. 76 ýaşly ozalky prezidentiň bu baradaky makalasy ilur.am habar saýtynda çap boldy.
Ter-Petrosiýan eger-de bu şertler berjaý edilse, onda premýer-ministriň hiç bir partiýa degişli bolmadyk orunbasarynyň wagtlaýyn premýer-ministr bolmalydygyny, onuň bitaraplygy saklap, irki parlament saýlawlaryny guramalaşdyrmalydygyny aýtdy.
Geçen ýyl Daglyk-Garabag sebiti üstünde Ermenistanyň Azerbaýjdan ýeňlişe sezewar bolmagyndan soňra, ermeni oppozisiýasy Paşiniýanyň wezipesinden çekilmegini talap edýär.
Oppozisiýa partiýalarynyň koalisiýasy Paşiniýany häkimiýeti geçiji hökümete tabşyrmagyny talap edip, Ýerewanda we ýurduň beýleki künjeklerinde hökümete garşy demonstrasiýalary geçirýär.
Paşiniýan wezipesinden çekilmek talaplaryny ret etdi, emma belli şertler berjaý edilen halatynda, irki parlament saýlawlaryny geçirip biljekdigini ýaňzytdy.
Lewon Ter-Petrosiýan 1991-98-nji ýyllar aralygynda prezident bolupdy.