Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarus sudy AÝ/AR-yň ştatdan daşary işgärini 15 gün tussaglyga höküm etdi


Belarusda 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilýän protestleriň çäginde, 13-nji martda Minskdäki ýörişiň dowamynda onlarça adam saklandy.

Belarusda sud Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary işgäri Liza Hançarowany we onuň kakasy Aleksandr Hançarony rugsat berilmedik demonstrasiýa gatnaşmakda günäli tapyp, 15 gün tussaglyga höküm etdi.

15-nji martda Minsiň Merkezi etrap sudy olary 13-nji martda rugsat berilmedik ýörişe gatnaşmakda günäli tapdy.

Olaryň ikisi-de aýyplamalary ret edip, proteste gatnaşmandyklaryny, tötänlik bilen demonstrasiýanyň geçýän ýerinden barýan pursatlary polisiýa tarapyndan saklanandyklaryny aýtdylar.

Hançarowa anyklaşdyrylmadyk “ekstremist Telegram kanallary” üçin wideo almagy planlaşdyrmakda hem günäli tapyldy. Hançarowa muny hem ret etdi.

“Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy biziň Belarus gullugymyzyň – Radio Swabodanyň grafik dizaýneriniň türmä höküm edilmegine gynanýar. Köçede proteste bary-ýogy tomaşa edeni üçin, polisiýa Liza gazaply hüjüm etdi, şeýle-de ol 15 gün türmä höküm edildi. Ol dessine azat edilmeli” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý aýtdy.

Hançarowa we onuň kakasy bilen birlikde, 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilýän protestleriň çäginde, 13-nji martda Minskdäki ýörişiň dowamynda başga-da onlarça adam saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG