Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Ýewropada wirusyň köpelmegi zerarly çäklendirmeleri dowam etdirmekçi bolýar


Germaniýa

Germaniýa wirusyň üçünji tolkunynyň kontinente hüjüm etmegi sebäpli täze çäklendirmeleri girizen iň soňky Ýewropa döwleti boldy we bölekleýin çäklendirmeleri uzaltmaga taýynlanýar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we döwlet ýolbaşçylary 22-nji martda koronawirusa garşy çäreler barada maslahat etmek üçin ýygnanýarlar. Ýerli habar beriş serişdeleri Merkeliň edarasynyň çäklendirmeleri 18-nji aprele çenli uzaltmagy teklip edýändigini habar berdiler.

Ýewropanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Germaniýa hem çaltlaşýan üçünji tolkuna garşy göreşýär we waksinasiýanyň haýal gidişi hem çäklendirmelerden ýadawlyk ýaly problemalary başdan geçirýär.

Polşa, Fransiýanyň käbir bölekleri we Ukrainanyň paýtagty Kiýew hem hepdäniň ahyrynda beýleki ýurtlaryň yzany wirusyň ýaýbaňlanmagyna garşy durmak üçin bölekleýin çäklendirmeleri güýçlendirdiler.

Dowam edýän çäklendirmeler ilat arasyndaky lapykeçligiň güýçlenmegi bilen bilelikde hepdäniň ahyrynda Ýewropanyň dürli şäherlerinde, şol sanda Germaniýada, Gollandiýada, Şweýsariýada we Serbiýada müňlerçe demonstrantyň üýşmegine sebäp boldy.

Bu aralykda, Rumyniýa 21-nji martda pandemiýa başlaly bäri reanimasiýa bölümlerinde COVID-19 bilen kesellän hassalaryň iň köp sanyny hasaba aldy.

Rumyniýanyň saglygy saklaýyş ulgamyna keselçilik zerarly düşýän agrama garamazdan, premýer-ministr Florin Situ çäklendirmeleri girizmejekdigini aýtdy.

Bu aralykda Britaniýada we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda waksina üpjünçiligi meselesinde ýiti göreş barýar, Brýussel AstraZeneca waksinasynyň eksportyny togtadyp biljekdigini duýdurýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG