Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AI FIFA-ny iş migrantlarynyň hukuklary ugrunda Katara basyş etmäge çagyrýar


Illýustrasiýa suraty

"Amnesty International", dünýäniň futbol guramasy FIFA-ny 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny geçirýän Katara bu ýurtda migrant işçileriň hukuklaryny gowulandyrmak üçin basyş etmäge çagyrdy.

"Katar, soňky ýyllarda Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça şertnama baglaşandan soň geçirilen barlaglaryň köpelmegine jogap hökmünde ençeme oňyn özgertmeleri geçirdi, ýöne köplenç olar dogry ýerine ýetirilmeýär we müňlerçe migrant işçiniň ekspluatasiýa we zuluma sezewar edilmegini dowam etdirýär" diýip, adam hukuklaryny goraýjy gurama 22-nji martda çap eden beýanatynda aýtdy.

"Amnesty International" guramasy FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantinoganyň adyna ýazan dört sahypalyk hatynda futbol guramasyny "ýaryşyň Katardaky ähli migrant işçiler üçin oňyn we dowamly netije bermegi üçin gyssagly we anyk çäreleri görmäge" çagyrdy.

Gurama dünýä çempionatynyň guramaçysy hökmünde FIFA-nyň ýaryşa taýýarlyk görmekde we ony durmuşa geçirmekde adam hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek jogapkärçiliginiň bardygyny aýtdy.

Katar Aziýadan we Afrikadan 2 million töweregi migrant işçiniň zähmetine garaşly bolup, olar ýurtdaky iş güýjüniň 95% düzýärler.

Migrant işçiler dünýä çempionaty üçin stadionlary, ýollary we jemgyýetçilik desgalaryny gurmak ýaly uly infrastruktura proýketlerinde ulanýarlar.

Soňky ýyllarda energiýa serişdelerine baý patyşalyk adam hukuklary toparynyň migrant işçiler babatynda ekspluatasiýa we kemsidiji diýlip kesgitlenen hereketlere ünsi çekip, halkara gözegçiligine çagyransoň, zähmet reformalaryny amala aşyrdy.

"Amnesty International" guramasynyň çagyryşy Britaniýanyň “The Guardian” gazetiniň Katara 2010-njy ýylda ýaryş gecirmek hukugy berlenden soňky döwürde bu ýurtda Hindistandan, Päkistandan, Nepaldan, Bangladeşden we Şri-Lankadan bolan 6500 migrant işçiniň ölendigini habar bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG