Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dünýä 2022-nji ýylyň soňlarynda adatdakysyna dolanar” diýip, Bill Geýts polýak mediasyna aýtdy


Bill Geýts
Bill Geýts

Microsoftyň egindeş esaslandyryjysy we haýyr sahawatçy Bill Geýts COVID-19 sanjymlarynyň kömegi bilen dünýäniň 2022-nji ýylyň ahyrlaryna çenli adatdaky durmuşa dolanyp biljekdigini çaklady.

Polşanyň “Gazeta Wyborcza” neşirine we TVN24 teleýaýlymyna beren interwýusynda Geýts koronawirus pandemiýasynyň “uly betbagtçylykdygyny” hem-de muňa garşy ýeke-täk umyt söhlesiniň waksina elýeterliligidigini aýtdy.

“2022-nji ýylyň ahyryna çenli biz adatdaky durmuşa doly dolanarys” diýip, Geýts 24-nji martda aýtdy.

2014-nji ýylda Microsoft korporasiýasynyň başlygy wezipesinden el çeken millarder Geýts 2015-nji ýylda özüniň bir global pandemiýa ähtimallygyna garşy duýdurandygyny aýtdy.

“Men ýaly adamlar duýdurdy we aýtdylar: ‘käbir töwekgelçilikler bar, ujypsyz çykdajy bilen taýýarlyk görüp bolýar hem-de problemanyň öňüni alyp bolýar’ diýdik. Ýöne, gynansak-da wagtynda maýa ýatyrylmady” diýip, Geýts sitirlenýär.

Ol Bill we Melinda Geýts gaznasynyň üsti bilen COVID-19 pandemiýasyna garşy global gaýtawula, şol sanda käbir waksina öndürijilerini goldamak üçin hem-de anyklaýyş we bejergi mümkinçilikleri üçin $1,75 milliard berdi.

XS
SM
MD
LG