Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

12 döwletiň goranmak ýolbaşçylary Birmada harbylaryň gazaplylygyny ýazgardylar


Birmada harbylaryň hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan demonstrantlara garşy söweş oklaryndan ot açmagy netijesinde 90 töweregi adam öldi.

Dünýäniň onlarça döwletiniň harby komandirleri Birmada harbylaryň hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan protestçilere garşy söweş oklaryndan ot açmagyny ýazgardylar. Harby ýolbaşçylaryň bilelikdäki beýanaty 27-nji martda, Birmada hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň iň ganly gününden, 90 töweregi demonstrantyň öldürilmeginden soň ýaýradyldy.

Beýanata ABŞ-nyň, NATO agza döwletleriň ýene-de birnäçesiniň, şeýle-de Ýaponiýanyň, Täze Zelandiýanyň, Günorta Koreýanyň we Awstraliýanyň goranmak komandirleri gol goýdular. Olar Birmada harbylaryň halkyň ynamyndan gaçandyklaryny bellediler.

Beýanatda Birmada protestçilere garşy gazaplylygyň bes edilmegine çagyryş edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG