Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran we Hytaý 25 ýyllyk “strategiki hyzmatdaşlyk paktyny” baglaşdylar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (sagda) Tähranda Hytaýyň prezidenti Şi Jinping bilen gepleşikleri geçirýär. 2016 ý.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (sagda) Tähranda Hytaýyň prezidenti Şi Jinping bilen gepleşikleri geçirýär. 2016 ý.

Eýran we Hytaý uzak möhletli ikitaraplaýyn jedelli ylalaşyga gol goýdular.

27-nji martda Tähranda geçirilen dabaraly çärede baglaşylan ylalaşygyň jikme-jikleri aýan edilmeýär. Emma onuň Eýranyň energiýa we infrastruktura pudaklaryna hytaý sermaýasynyň çekilmegini göz öňünde tutýandygy çaklanylýar.

Hytaý Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşydyr.

Syzyp çykan maglumatlara görä, ylalaşyk iki ýurduň arasyndaky harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagyny hem öz içine alýar.

Eýran resmileri ylalaşygy hytaý prezidenti Şi Jinpingiň 2016-njy ýylda ýurda eden saparynyň dowamynda teklip edendigini aýtdylar.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi ylalaşygy açyk goldady.

XS
SM
MD
LG