Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sues kanalynda batan gämi 'belli bir derejede çykaryldy'


“Ever Given” gämisi

Habar berişlerine görä, Sues kanalynda birnäçe günläp çöküp galan ullakan ýük daşaýjy gämi belli bir derejede boşadyldy. Bu möhüm suw ýolunyň açylmagyna we global derejede ýük daşamak işiniň ýeňilleşdirilmegine umyt döretdi.

Sues kanalyny dolandyryş edarasynyň (SCA) başlygy Osama Rabie gäminiň bölekleýin boşadylandygyny we munuň "gowy habardygyny", emma gäminiň hereket edip başlamagy üçin buksir gämileriň işledilmelidigini aýtdy, diýip 29-njy martda "Wall Street Journal" gazeti habar berdi.

Kanallarda iş alyp barýan "Leth Agencies" kompaniýasy halas ediş toparlarynyň gämini “batan ýerinden belli bir derejede gozgandygyny” aýtdy, ýöne gäminiň haçan doly erkin hereket edip biljekdigi barada goşmaça maglumat bermedi.

Bu öňegidişligiň, 10 sany gaýyk bilen gämini iteklemek we çekmek hem tolkunyň ýokary galan wagtynda suw astyndaky çägeden boşatmak boýunça ençeme tagallalardan soň gazanylandygy aýdylýar.

Facebook arkaly ýerleşdirilen wideoda “Ever Given” atly ýük gämisiniň töwereginde aýlanýan gämileri we gaýyklar görkezildi.

Konteýnerleri Aziýadan Ýewropa daşaýan “Ever Given” 23-nji martda kanalyň Gyzyl deňziniň girelgesinden takmynan 6 kilometr demirgazykda barýarka onuň düýbi kanalyň bir böleginde suw astyndaky çägeli ýere ýapyşdy. Şondan bäri kanalda gämi gatnawy togtady we koronawirus pandemiýasy zerarly eýýäm dartgynlaşan global transport ulgamyna goşmaça zarba boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG