Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh milliarderi Kellner dikuçar heläkçiliginde ýogaldy


Petr Kellner
Petr Kellner

Çehiýanyň iň baý adamy we Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa bilen düýpli gatnaşyk kökleri bolan maliýe toparynyň eýesi Petr Kellner ABŞ-nyň Alýaska ştatynda dikuçar heläkçiliginde öldi.

Topar 29-njy martda çap eden gysga beýanynda "2021-nji ýylyň 27-nji martynda PPF-iň esasy paýdary jenap Petr Kellneriň dikuçar heläkçiliginde pajygaly ýagdaýda aradan çykandygyny PPF gynanç bilen habar berýär" diýilýär.

Bäş adamyň ölmegine sebäp bolan ulag heläkçiligi derňew astynda. Alýaska ştatynyň harbylary bir adamyň diri galandygyny, onuň ýagdaýynyň agyr, emma durnuklydygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň habar beriş serişdelerine görä, pajygaly ýagdaý adamlary daga gezelenje alyp barýan dikuçaryň Knik buzlugynyň golaýynda heläkçilige uçramagy zerarly ýüze çykypdyr.

"Forbes" žurnalynyň habaryna görä, dünýädäki baý adamlaryň sanawynda 68-nji setirde bolan 56 ýaşly Kellneriň 17,5 milliard dollar baýlygy bar.

Ol öňki Çehoslowakiýada kommunizmiň ýykylmagyndan iki ýyl soň, döwlet eýeçiligindäki firmalary hususylaşdyrmak işlerine gatnaşmak üçin 1991-nji ýylda hyzmatdaşlary bilen PPF topary atly maýa goýum kompaniýasyny esaslandyrypdy.

PPF esasan Ýewropa, Aziýa regionlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan kärhanalarda maliýe, telekommunikasiýa, önümçilik, metbugat we inženerlik pudaklarynda ösüş gazandy.

2020-nji ýylyň ortalaryna onuň emlägi 52 milliard dollar töweregi boldy.

Bu topar, Orsýet we Hytaý bazarlarynda giňişleýin işleri alyp barýan dünýädäki iň uly bank bolmadyk karz beriji "Home Credit International" kompaniýasyny öz içine alýar.

PPF geçen ýylda Merkezi we Gündogar Ýewropada telewizion kompaniýalary dolandyrýan "CME media" toparyny satyn aldy. 2018-nji ýylda Wengriýada, Bolgariýada, Çernogoriýada we Serbiýada "Telenor" kompaniýasynyň telekommunikasiýa emläkleriniň ýeke-täk eýesi boldy.

XS
SM
MD
LG