Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oppozision DWT listowka ýaýratmak bilen bagly iki aktiwistiniň tussag edilendigini aýdýar   


Aşgabat (illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistanda hökümeti tankytlaýjy mazmunly listowkalaryň ýaýradylmagynyň yzýany oppozisiýa öz aktiwistleriniň tussag edilendigini habar berdi. Türkmenistanyň daşynda hereket edýän DWT topary azyndan iki aktiwistiň MHM-niň işgärleri tarapyndan tussag edilendigini aýdýar.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT) oppozision hereketiniň lideri Myrat Gurbanow 30-njy martda YouTube kanalynda ýerleşdiren habarynda Aşgabatda aktiwistleriniň tussag edilendigini habar berdi.

Myrat Gurbanow azyndan iki aktiwistiň Didar Aşyrowyň we Döwran Gylyjowyň adyny agzaýar we olaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan saklanandygyny aýdýar. DWT hereketiniň lideri hökümeti tankyt edýän listowkalaryň ýaýradylmagynyň ýurduň kanunlaryna ters gelmeýändigini bellemek bilen, Aşyrowyň, Gylyjowyň we beýlekileriň boşadylmagyny talap edýär.

Azatlyk Radiosy DWT toparynyň özünden habar alyp bilmedi.

Soňky günlerde Aşgabatda we beýleki şäherlerde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan listowkalar peýda boldy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy, näbelli adamlaryň Türkmenabatda “Gök bazaryň” hem-de ençeme söwda nokatlarynyň girelgelerine prezident Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan plakatlary we listowkalary asyp çykandygyny habar berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, munuň yzýany, hususan-da Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda howpsuzlyk güýçleri çap hyzmatlary bilen meşgullanýan telekeçileri we hünärmenleri soraga çekip başlapdyr we listowkalarynyň aňyrsyndaky adamlary anyklap, dessine tussag etmegi wada beripdir.

“Geçen anna we şenbe günleri Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) we polisiýa surat we wideo çap edýän telekeçileri we hünärmenleri derňedi. Olaryň ellerinden printer enjamlaryny aldylar we enjamlary ekspertiza ugratdylar, eýelerini gijesi bilen sorag etdiler” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy häkimiýetler tarapyndan soraga çekilen ýerli ýaşaýjylaryň biri bilen gürrüňdeşlik geçirmegi başardy. Onuň sözlerine görä, bu derňewler şäherde peýda bolan listowkalar bilen ilteşdirilýär, MHM kagyzlaryň haýsy printerde çap edilendigini gözleýär.

Çap hyzmatlary bilen meşgullanýan hünärmeniň sözlerine görä, MHM nägilelik mazmunly listowkalarynyň aňyrsyndaky adamlary anyklasa, olary dessine tussag etmegi wada beripdir.

Türkmen hökümetine garşy peýda bolan listowkalar we munuň bilen bagly tutha-tutluklar hem sorag edişlikler barada Milli howpsuzlyk hem-de Içeri işler ministrlikleriniň resmileri kommentariý bermeýärler.

Türkmen prezidentini tankytlaýjy mazmunly listowkalaryň ýaýradylmagy ýurtda ykdysady problemalaryň we ilatyň arasynda nägileligiň güýçlenen wagtynda ýüze çykdy.

Ilatyň azyk üpjünçiliginiň, medisina kömeginiň, girdejileriniň, durmuş derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçmagynyň we kanuny hak-hukuklarynyň häkimiýetler tarapyndan äsgerilmezliginiň fonunda ýurduň içinde kollektiwleýin nägilelik bildirmek boýunça çykyşlar köpelýär, daşynda oppozision hereketler güýçlenýär.

Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda dürli ýurtlarda türkmen hökümetiniň syýasatynda garşy onlarça protest aksiýasy geçirildi.

Türkmen ýolbaşçylary öz adyna edilýän tankytlary resmi taýdan kommentirlemeýärler. Şol bir wagtda-da, ýurduň güýç edaralary başga pikirdäkileri yzarlamak we ilatyň maglumat elýeterliligini hasam çäklendirmek ugrundaky tagallalaryny artdyrdylar.

Döwlet gözegçiligindäki internetiň petiklenmeginden geçmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlary yzly-yzyna böwetlenýär, ulanyjylar yzarlanýar we soraga çekilýär. Habarçylarymyza görä, soňky günlerde Türkmenabatda ençeme daşary ýurt kanallary, şol sanda “Euronews”, “Rossiýa 24”, “RBK”, “Mir” ýaly kanallar IPTV kabel telewideniýesiniň sanawyndan aýrylypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG