Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýyllyk hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerine üns çekýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

ABŞ-nyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegine üns çekýär.

Döwlet departamentiniň 2020-nji ýyl üçin çap eden hasabaty Türkmenistanda hökümeti tankytlaýan adamlaryň watana dönüklikden tussag edilmek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny aýdýar.

Hasabatda Türkmenistanda bar bolan adam hukuklarynyň möhüm meselelerine, şol sanda polisiýa we türme resmileriniň adam gynamalary, adam ömrüne howp abandyrýan türme şertleri, syýasy tussaglar, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlara garşy syýasy matlaply ar alyş, söz we metbugat azatlygynyň çäklendirilmegi, korrupsiýa, zor bilen ýitirim etmeler ýaly meselelere we beýleki problemalara faktlar boýunça üns çekilýär.

Türkmenistan demokratiýa we ynsan hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda ýyllarboýy yzdaky orunlary eýeleýär.

XS
SM
MD
LG