Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml tankytçysy Nawalny türme çemeleşmelerinden nägile bolup, açlyk yglan etdi


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Nawalnynyň boşadylmagyny hemişe talap edýändigini, onuň tussag edilmegine we janyna kast etmek synanyşyklaryna günäkär bolanlary jogapkärçilige çekmek tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny düzüwli saglyk bejergisinden mahrum edilýändigini aýdyp, açlyk yglan etdi, ýaranlary onuň zäherli hüjüm zerarly huşsuz ýatanyndan birnäçe aý soňky saglyk ýagdaýyndan barha kän alada edýärler.

Orsýetiň iň ýowuz şertli türmeleriniň biri bolan 2-nji düzediş koloniýasynda saklanylýan kreml tankytçysy geçen hepde, ýiti aýak we arka agyrylaryna garamazdan, türme lukmanlaryndan ibuprofenden başga hiç derman kömegini almandygyny aýtdy.

Ol 31-nji martda Instagramda ýerleşdirien ýazgysynda güýçli agyrynyň hasam ýitileşendigini we iki aýagynda tenini duýmagynyň peselendigini aýtdy.

"Kanunyň berjaý edilmegini we öz saýlan lukmanymyň meniň ýanyma goýberilmegine rugsat berilmegini talap edip, açlyk yglan etdim" diýip, Nawalny aklawçylarynyň üsti bilen çap edilen Instagram ýazgysynda aýtdy. "Şeýlelikde, men şu ýerde ýatyryn, aç, ýöne häzirlikçe iki aýagym bilen" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Geçen hepde ýaranlary syrkawlamagyndan alada galýandyklaryny aýdyp, türme ýolbaşçylaryny onuň ýagdaýyny anyklamaga çagyrandan soň, Nawalnynyň saglygy bir meselä öwrüldi.

Munuň üstesine, 44 ýaşly Nawalny kamerasynda göni ýapyk telewizion kameranyň bardygyna garamazdan, gije barlamak üçin sekiz gezek oýaryp, türme sakçylaryny özüni ukudan mahrum edip gynamakda aýyplady.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarydyr hyzmatdaşlarynyň Nawalnynyň boşadylmagyny hemişe talap edýändiklerini, onuň tussag edilmegine we janyna kast etmek synanyşyklaryna jogapkär bolanlary jogapkärçilige çekmek tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

"Biz Alekseý Nawalnynyň syýasy tussagdygyny açyk aýtdyk, onuň tussag edilmegi syýasy sebäpler bilen bagly" diýip, Praýs metbugat brifiňinde aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň iň berk tankytçysy bolan Nawalny, ýiti bil agyrylaryndan ejir çekýändigine garamazdan, türme ýolbaşçylary tarapyndan öz ýagdaýynyň gowulanmagy üçin "hiç bir zat" edilmeýändigini aýtdy.

Ýüzlerçe rus lukmany häkimiýetleriň Nawalna gyssagly lukmançylyk kömegini bermegini talap etdi.

Bu talap Wladimir sebitindäki, Moskwadan 100 km uzaklykdaky türmäniň ýerleşýän ýerindäki Jemgyýetçilik gözegçilik komissiýasynyň başlygynyň çap eden baýnatyndan soň edildi. Ol beýanatda lukmançylyk toparynyň geçen hepde, "saglyk problemalaryny anyklamak we medisina kömegini bermek üçin", Nawalny bilen duşuşandygy aýdyldy.

"Duşuşyk wagtynda Nawalny aýagynyň agyrysyndan şikaýat etdi we bu agyrydan dynmak üçin sanjym almakda kömek bermeklerini sorady" diýip, Wýaçeslaw Kulikow 28-nji martdaky beýanatynda aýtdy.

Ol Nawalnynyň ýöremäge ukyplydygyny we başga nägilelik bildirmändigini, onuň sanjym almak haýyşynyň resmi taýdan hasaba alnandygyny hem sözüne goşdy.

"Biz lukmanlardan muňa üns bermeklerini we zerur bolan halatynda goşmaça lukmançylyk barlagynyň geçirilmegini soradyk" diýip, Kulikowyň beýanatynda aýdylýar.

Bu komissiýanyň başlygynyň orunbasary Wladimir Grigorýan bir gün soň "Dožd" teleýaýlymyna Nawalnynyň jögülik edýändigini, ýagny onuň näsaglygynyň ýasamadygyny aýtdy.

Grigorýan Nawalnynyň näsaglygyny näme üçin ýasama hasaplaýandygyny düşündirip bilmedi we haçanda aýdan sözlerini anyklaşdyrmagy soralanda, "Hoş gal, ezizim" diýip, söhbetdeşligi tapyr-tupur bes etdi.

Nawalny ýanwar aýynda Berlinden gaýdyp geleninde, Moskwanyň howa menzilinde tussag edildi. Ol 2020-nji ýylyň awgust aýynda, Sibir ýolundaky uçuş wagtynda agyr keselledi we günbatar barlaghanalarynyň birnäçesiniň gelen netijelerine görä, Nowiçok görnüşli nerw agenti bilen zäherlemek synanyşygyndan aman galdy.

Lukmanlaryň birnäçe hepdelik mejbury medisina komasynda galan Nawalny janyna kast etmek synanyşygynyň rus prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy esasynda amala aşyrylandygyny aýtdy. Bu aýyplama Kreml tarapyndan ret edildi.

Moskwa kazyýeti fewral aýynda, Germaniýada bolan wagtynda köne ogurlyk işi boýunça şertli tussaglygynyň düzgünlerini bozandygyny aýdyp, Nawalna garşy täze, köpler tarapyndan syýasy aňeňli hasaplanan höküm çykardy.

Onuň 3,5 ýarym ýyllyk şertli tussaglygy hakyky türme möhletine öwrüldi we, geçen möhlet sebäpli, kazyýet ol tussaglygy 2,5 ýyla çenli azaltdy.

Nawalnynyň tussag edilmegi milli nägilelik tolkunyny döretdi we tarapdarlarynyň garşysyna berk çäreleriň görülmegine getirdi.

Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we Kanada Nawlny meselesi sebäpli Russiýa garşy birnäçe sanksiýa girizdi.

XS
SM
MD
LG