Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen manadynyň hümmeti ýylyň başyndan bäri 50% aşaklady


Türkmen manady

Türkmenistanyň eýýäm gowşak walýutasy ýanwar aýyndan bäri ýene 50% töweregi aşaklap, gara bazar nyrhy bilen ABŞ-nyň dollary 40 manada ýetdi.

Manat indi birnäçe aý bäri basyş astynda galýar we onuň ýene peselmegi belli bir derejede türkmen migrantlarynyň Türkiýeden ugradýan pullarynyň azalmagy bilen düşündirilýär.

Ýanwar aýynyň ortalarynda 1 dollar gara bazarda 27 ýa-da 28 manada satyldy.

Şeýle-de bolsa, soňky hepdelerde walýuta hasam pese gaçdy we 3-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň paýtagt Aşgabatdaky habarçylary dollaryň günüň ortasynda 38 manada, günüň ahyrynda 40 manada ýetendigini habar berdiler.

Manadyň hümmetiniň ýene peslemegi geçen ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli ýapylan Türkmen-Eýran serhediniň ýakynda açylmagy bilen hem baglanyşdyrylýar. Türkmen hökümeti, subutnamalara garamazdan, ýurtda COVID-19-yň bardygyny inkär edýär.

Merkezi bank 2015-nji ýylda bir dollar üçin resmi nyrhy 3,5 manat derejesinde kesgitledi we şondan bäri üýtgetmedi. Nagt görnüşinde ähli walýuta çalşygy 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri gadagan edildi.

Walýuta krizisi 2020-nji ýylyň mart aýynda güýçlenipdi, türkmen gazynyň esasy satyn alyjysy Hytaý importy azaltmagyndan we global energiýa bahalarynyň arzanlamagyndan soň türkmen hökümeti daşary ýurt walýutasyna gözegçiligi hasam güýçlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG