Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda we Çärjewde bir aý bäri paýok uny berilmeýär. Aşgabatda bahalar göterildi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünligiň arasynda, Lebabyň Farap we Çärjew etraplarynyň döwlet dükanlarynda bir aý bäri adamlaryň un paýogy berilmeýär. Döwlet dükanlary tas iki aý bäri buhanka çöregini satmagy togtatdy. Hususy söwda nokatlarynda 1 çörek 10-13 manat aralygynda bahalanýar. Adamlar bugdaý ununa we çörege derek başga alternatiwa gözleýär. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda bahalaryň birden ýokarlanandygyny habar berýär

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy sebitde adamlaryň un we çörek üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, şu günler Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew we Darganata etraplarynda bugdaý uny hususy söwda nokatlarynda tapdyrmaýar.

Bugdaý uny tapdyrmaýan mahaly, “adamlar mekgejöwen iýmeli bolar diýen gorky bilen ýaşaýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne habarçy mekgejöweniň hem bir haltasynyň bahasynyň Farap etrabynyň daýhan bazarynda 500 manatdan geçendigini habar berýär.

“Lebaplylar çöregiň deregine tüwi ýa-da başga alternatiwa gözleýär” diýip, beýleki bir Lebap ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Habarçy hususy taraplarda bir çöregiň 10-13 manat aralygynda bahalanýandygyny, döwlet dükanlarynyň buhanka çöregini satmagy tas iki aý bäri bes edendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Farap we Çärjew etraplarynyň ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda bir aý bäri adamlara un paýynyň berilmeýändigini aýdýarlar.

“Farapda we Çärjewde bir aý bäri paýok uny berilmeýär. Adamlar iň bolmanda çörek satyn almak umydy bilen her gün döwlet dükanlaryna baryp, elleri boş yzlaryna gaýdýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Farap etrabynyň 39 we 160 belgili döwlet dükanlarynyň öňi hemişe adamly bolýar.

Ýerli ýaşaýjylar un we çörek tapylsa, özleriniň razydygyny aýdýarlar. “Halka başga zat gerek däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçy Lebapda un we çörek gytçylygynyň fonunda kartoşkanyň hyrydarynyň köpelýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, kartoşkanyň 10 manatdan 12 we 15 manat aralygynda bahasy hiline görä üýtgeýär.

Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygy, ýurtda soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň barha ýitileşýän wagtyna, hem-de walýutanyň gara bazarynda bir dollaryň 40 manada ýeten wagtlaryna gabat gelýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýär.

Milli manadyň hümmetiniň yzygiderli pese gaçmagy bilen ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçýar. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirýär.

Türkmen hökümeti geçen ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini aýdandygyna garamazdan, ýurt raýatlary döwlet dükanlarynda un we çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistan her ýyl ilatyň iýjek galla önümleriniň öndürilýändigini, ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýar we döwlet TW-sinde her dürli azykdan, şol sanda çörek önümlerinden doldurylan dükan tekjelerini görkezip, nebit-gaza baý ýurtda dörän dowamly açlyk baradaky habarlary anyklaşdyrmazdan, umumy sözler bilen ret edýär.

Bilermenler Türkmenistanyň içerki azyk üpjünçiliginiň tas 60 göteriminiň importa garaşlydygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, 5-nji aprelde günüň ikinji ýarymynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatda bahalaryň aşa ýokarlanandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, alyjylaryň gözüniň alnynda söwda tekjelerinde bahalar üýtgedilýär.

Meselem, “Fairy” ýuwujy serişdesiniň bahasy ozal 45 manatdy, häzir 90-100 manada ýetdi. Köpler ‘ýagdaý aýdyňlaşýança’ haryt satmagy bes etdi.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet dükanlarynda adaty kelemiň bahasy 100 göterim gymmatlap, 9 manada ýetdi. Hususy söwda nokatlarynda kelem 10 manatdan bahalanýar. Habarçy kafelerde hem bahalaryň ýokarlanýandygyny habar berdi.

Döwlet mediasy Aşgabatda azyk harytlarynyň we senagat önümleriniň bahalarynyň birden aşa ýokarlanmagy hem-de Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG