Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH: Prezident aýlygynyň ýarysyny “Gurbanguly Berdimuhamedow” sahawat gaznasyna geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny öz adyna döredilen haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi. Bu barada TDH 5-nji aprelde habar berdi, emma geçirilen puluň mukdaryny aýan etmedi.

Ýatlatsak, 29-njy martda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasy esaslandyryp, oňa prezidentiň ady dakylypdy. Resmi maglumata görä, şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary hem açylypdyr.

XS
SM
MD
LG