Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň doktorlyk işiniň ýolbaşçysy dollar milliarderi boldy


Wladimir Litwinenko
Wladimir Litwinenko

Rus prezidenti Wladimir Putine 1997-nji ýylda doktorlyk derejesini beren komitete ýolbaşçylyk eden, Sankt-Peterburgyň Magdan uniwersitetiniň rektory Wladimir Litwinenko Forbesiň sanawyna girizilen täze dollar milliarderi boldy.

Forbesiň dünýäniň iň baý adamlary boýunça 6-njy aprelde çap eden ýyllyk hasabatynda Litwinenkonyň serişdeleri 1,5 milliard dollar möçberinde çaklanylýar.

Forbes 65 ýaşly Litwinenkonyň baýlygynyň düýbi Moskwadaky PhosArho himiki kärhanasynyň gymmatly kagyzlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglydygyny aýdýar. Litwinenkonyň bu kärhanada 21% paýy bar.

1994-nji ýylda uniwersitetiň rektory bolan Litwinenko üý aýry ýagdaýda Sankt-Peterburgda Putiniň saýlaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk etdi.

2006-njy ýylda Waşingtondaky Brookings Institutynyň derňewçileri Putiniň “Bazar gatnaşyklarynyň emele gelmegi bilen sebitiň mineral baýlyklarynyň köpelmegini strategiki meýilleşdirmek” atly doktorlyk tezisini öwrenip, onuň 20 sahypasyndan 16-synyň amerikan okuw kitabyndan ýa dolulygyna ýa-da kiçi üýtgetmeler bilen göçürilip alnandygyny aýtdylar.

Litwinenko Putiniň doktorlyk işini onuň özüniň ýazandygyna “hiç hili şübhesiniň” ýokdugyny aýtdy.

Emma 2018-nji ýylda Litwinenkonyň gyzy, Olga Litwinenko, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Putiniň doktorlyk işini kakasynyň ýazyp berendigini aýdypdy.

Putin bu aýyplamalar boýunça hiç haçan aç-açan kommentariýa bermedi.

XS
SM
MD
LG