Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Ýewropa, Merkezi Aziýa hökümetleri pandemiýany adam hukuklaryny çäklendirmek üçin ulandy


Polisiýa romalylaryň köp ýaşaýan ýerinde ýygnanan adamlar bilen gürleşýär. Sofiýa, 17-nji aprel, 2020
Polisiýa romalylaryň köp ýaşaýan ýerinde ýygnanan adamlar bilen gürleşýär. Sofiýa, 17-nji aprel, 2020

Sebitiň Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Bosniýa-Gersegowina, Fransiýa, Wengriýa, Gazagystan, Polşa, Rumyniýa, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň hökümetleriniň, “söz azatlygyny jylawlamak üçin", bar bolan we täze kanunlary nädogry ulanandyklary aýdylýar.

"Amnesty International" guramasy koronawirus pandemiýasyna garşy görlen käbir çäreleriň Ýewropada we Merkezi Aziýada bar bolan hukuk bozulmalaryň we deňsizlikleriň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrandygyny, hökümetleriň bu krizisi "häkimiýeti eýelemek, azatlyklary basyp ýatyrmak we adam hukuklaryny äsgermezlige salmak bahanasy üçin tüsse perdesi edip" ulanandyklaryny aýtdy.

COVID-19 babatda görlen hökümet çäreleri "sosial üzňeleşdirmegiň adam pidalaryny, deňsizlik we döwlet tarapyndan aşa köp gatyşmak ýagdaýlaryny ýüze çykardy" diýip, Londonda ýerleşýän gözegçilik gullugy 7-nji aprelde çap eden ýyllyk hasabatynda aýtdy.

"Dünýäniň adam hukuklary ýagdaýy" diýlip atlandyrylan hasabatda aýdylmagyna görä, sebitdäki ýurtlaryň ýarysyna golaýy COVID-19 bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý düzgünlerini girizdi, hökümetler hereket, söz we pikir aýtmak azatlygyny, şeýle-de parahatçylykly ýygnanyşmak hukuklaryny çäklendirdi.

Güýç bilen girizilen petiklemeler we beýleki jemgyýetçilik saglyk çäreleri çetleşdirilen şahslara we toparlara, kimlik barlaglary, gödek daraşmalar, karantinler we jerimeler bilen, "deňeçer bolmadyk" oňaýsyzlyklary döretdi.

Romalylar we göçüp-gonýan adamlar, şol sanda bosgunlar we oturym soraýjylar Bolgariýada, Kiprde, Fransiýada, Gresiýada, Wengriýada, Russiýada, Serbiýada we Slowakiýada kemsidiji şertlerdäki “mejbury karantinlere” ýerleşdirildi.

Belgiýa, Fransiýa, Gürjüstan, Gresiýa, Italiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Polşa, Rumyniýa we Ispaniýa ýaly ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, beýleki düzgün bozmalar bilen birlikde, bikanun güýç hem ulandy.

Azerbaýjanda, pandemiýany öz içine alýan "bahana astynda", syýasy sebäpler esasynda amala aşyrylýan tutda-baslyklar güýçlendi.

Azatlyklaryň öňdenem berk çäklendirilen ýurtlarynda bolsa geçen ýyl has kän çäklendirme girizildi.

Rus häkimiýetleri "guramalardan geçip, şahsyýetleri hem daşary ýurt agentleri" hökmünde tagmalady we bir adamlyk piketleri gurnaýanlaryň hem daşyna geçip başlady".

Şu aralykda, Gazagystanyň we Özbegistanyň häkimiýetleri ýygnanyşmak babatynda täze çäklendiriji kanunlary kabul etdiler ýa-da teklip etdiler.

Belarus polisiýasy saýlaw galplygy baradaky aýyplamalar sebäpli dörän köpçülikleýin protestlere “köpçülikleýin we görlüp-eşidilmedik zorluk, gynamalar we beýleki ýowuz çemeleşmeler” bilen jogap berdi.

"Oppozisiýa kandidatlaryna we olaryň tarapdarlaryna, syýasy we raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine we garaşsyz metbugata garşy ulanylan eden-etdilikli tussag edilmeler, syýasy sebäpler esasynda açylan kazyýet işleri we beýleki jeza çäreleriniň güýçlenmegi netijesinde, garaşsyz sesler rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy" diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda sebitiň Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Bosniýa-Gersegowina, Fransiýa, Wengriýa, Gazagystan, Polşa, Rumyniýa, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň hökümetleriniň, “söz azatlygyny jylawlamak üçin bar bolan we täze kanunlary nädogry ulanandyklary" aýdylýar.

Hökümetler žurnalistleri we habar berijileri, şol sanda saglyk işgärlerini goramak üçin ýeterlik çäre görmedi we kähalatda hökümetiň pandemiýa meselesinde görýän çärelerini tankytlaýanlary nyşana aldy. Bu ýagdaý hususan-da Albaniýa, Ermenistan, Belarus, Bosniýa, Wengriýa, Gazagystan, Kosowa, Polşa, Russiýa, Serbiýa, Türkiýe, Ukraina we Özbegistan ýaly ýurtlarda kän göze ildi.

Täjigistandaky we Türkmenistandaky saglyk işgärleriniň arasynda “öňdenem ýetjek derejesine ýetirilen söz azatlygy çäklendirmelerine garşy çykmaga het edip bileneme" tapylmady.

Kazyýet garaşsyzlygynyň derejesi peseldi

Amnesty International Polşanyň, Wengriýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň hökümetleriniň 2020-nji ýylda kazyýet garaşsyzlygyny pese gaçyrýan çäreleri görmegini dowam etdirendigini aýtdy.

Russiýada, Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň “köp böleginde” adalatly kazyýet hukugynyň bozulmagy “giňden ýaýrady” we häkimiýetler tussaglaryň aklawçylar bilen duşuşdurylmazygyny, kazyýet işlerine jemgyýetçilik gözegçiliginiň gadagan edilmegini pandemiýa bilen delillendirmäge çalyşdylar.

Belarusda "adalatly sud seljerişligi we jogapkärçilik hukugyna boýun bolmagyň ähli alamaty ýok edildi."

"Parahatçylykly demonstrantlaryň öldürmegini we gynalmagyny derňemekden geçen, häkimiýetler hukuk bozulmalarynyň pidalarynyň günäkärlerden şikaýat etmek synanyşyklaryny togtatmak ýa-da olara päsgel bermek üçin hem ellerinden gelenini etdi" diýip, hasabatda aýdylýar.

Konflikt zonalaryndaky adam hukuklary

"Amnesty International" guramasynyň habaryna görä, öňki Sowet Soýuzyna giren ýurtlardaky konfliktler adam ösüşine we sebit hyzmatdaşlygyna "bökdençlik döretmegini" dowam etdirdi.

Gürjüstanda, Russiýada, bölünen sebitler bolan Abhaziýada we Günorta Osetiýada, fiziki päsgelçilikleri ýene we ýene gurmak arkaly, etraplaryň arasyndaky hereket azatlygyny çäklendirmek dowam etdirildi.

Moldowanyň bölünip aýrylan Transdniester sebitindäki de-fakto häkimiýetler hökümetiň gözegçiligindäki ýerlerden edilýän syýahata çäklendirme girizip, ýerli ilatyň saglyk kömegini almagyna päsgelçilik döretdiler.

Gündogar Ukrainada hem Ukrainanyň hökümet güýçleri, hem-de Russiýa tarapyndan goldanýan separatistler aragatnaşyk liniýasynyň üstünden syýahat edilmegine çäklendirme girizdiler, köp adam saglygy goraýyş kömeklerini, pensiýa töleglerini alyp bilmedi, iş ýerlerine barmakdan kesildi.

Geçen güýzde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda bolan ýaragly çaknyşyk 5000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy, bu uruşda halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda gadagan edilen top oklary ulanyldy, gür ilatly sebitlere giň gerimli partlaýjy oklar atyldy.

Iki tarap hem, Azerbaýjan-da, ermeni güýçleri-de “sud etmezden jezalandyryp öldürmek, ýesirleri gynamak we garşydaş güýçleriň jesetlerini masgaralamak ýaly uruş jenaýatlaryny etdi” diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň täze hasabatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG