Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabadyň karantin zolagynda bir adam öldi


Türkmenabatdaky karantin zolagy (arhiw suraty)

Türkmenistanyň esasy karantin zolagynda, mundan bir hepde ozal daşary ýurtlardan getirilen türkmen raýatlarynyň biri, ozal bar bolan hassalygynyň ýitileşmegi sebäpli, aradan çykdy. Bu barada merhumyň ýakynlarynyň biri 28-nji martda maglumat berdi.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, 23-nji martda Özbegistandan getirilen türkmen raýatlarynyň 50-si, şol sanda 45 talyp Türkmenabatdaky esasy karantin zolagyna ýerleşdirilipdi. Serhetleriň ýapyk bolany sebäpli wagtynda yzyna dolanyp bilmedik şol raýatlaryň arasynda, onkologiýa hassalygy sebäpli Özbegistanda operasiýa bolan bir raýat hem bardy.

“Asly daşoguzly E. aşgazanynda dörän düwnük (rak) sebäpli, Özbegistanda özüne seretdirmäge gidipdi. Serhetler ýapylandan soňra, ol Türkmenistana wagtynda dolanyp bilmedi. Geçen hepde ol yzyna getirildi we Türkmenabatdaky Ýokanç keseller hassahanasynda esaslandyrylan karantin zolagyna ýerleşdirildi. Şondan bir gün soňra ol aradan çykdy. Hossarlary merhumy Türkmenabatdan alyp gaýdyp, dogduk ýeri – Daşoguzda jaýladylar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly daşoguzlylaryň biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda 40 ýaşlarynyň ortalaryndaky aradan çykan zenanyň doly at-familiýasy, şeýle-de beýleki şahsy maglumatlary bar bolsa-da, maglumaty ýetireniň haýyşy sebäpli, olary efirde beýan etmekden saklanýarys.

Şol bir wagtda, aýratyn medisina gözegçiligine zerur bolan aýalyň näme sebäpden munuň üçin niýetelenen ýörite keselhana ýerleşdirilmän, eýse karantin zolagynda saklanandygy aýdyň däl.

Azatlygyň ençeme synanyşygyna garamazdan, bu soraga Türkmenabadyň saglygy saklaýyş edaralaryndan, şol sanda Köpugurly hassahanadan jogap alyp bolmady. Olar, umuman, maglumat ýa kommentariýa bermekden ýüz öwürdiler.

Koronawirusyň pandemiýa diýlip yglan edilmeginden bäri geçen bir ýyldan hem aşa wagtyň içinde, dünýä boýunça oňa 127 milliondan hem köp adam ýolugdy, wirus sebäpli 2 million 700 müň töweregi adam öldi.

Emma türkmen häkimiýetleri häzirki güne çenli hem bu ölüm howply ýokunjyň ýeke ýagdaýyny-da hasaba almadylar. Emma syzyp çykýan maglumatlar soňky bir ýylda ýurtda ölüm hadysalarynyň adaty ýyllardakydan has gürelendigini, hassahanalarda ýogalanlaryň jesetleriniň plastik haltalarda, açmasyzlyk şerti bilen berilýän halatlarynyň az däldigini görkezýär.

Şol bir wagtda, türkmen hökümeti "ýokanç keselleriň öňüni almak" diýen düşündiriş bilen ýurtda dürli çäklendirmeleri, maska režimini girizdi, şeýle-de halkara we içerki gatnawlary çäklendirdi.

Mundan iki hepde töweregi ozal, türkmen resmileriniň Lebap welaýatynda täze karantin zolagyny esaslandyryp, bar bolanlarynyň hem gerimini giňeldip, çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny yzyna getirip başlamagy meýilleşdirýändigi belli bolupdy. Yzyna getirilen raýatlar üç hepde möhlet bilen karantinde galmaly bolarlar.

Bu aralykda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri 4-nji aprelde ýörite uçar bilen Belarusda galan türkmenistanlylary getirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar. Türkmen resmi habar serişdelerinde bular barada maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 1-nji aprelde ozal koronawirus çäklendirmeleri sebäpli işi togtadylan dükanlaryň, kafeleriň, barlaryň dagy gaýtadan açylmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Galyberse-de, şu aýyň başyndan bäri ýurduň beýleki regionlarynda käbir karantin çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan, bölekleýin ýatyrylyp başlanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG