Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan prezidentligi güýçlendirjek konstitusiýa üýtgetmelerine ses berýär


Bişkek, 11-nji aprel, 2021.
Bişkek, 11-nji aprel, 2021.

Teklip edilýän üýtgetmelere laýyklykda, prezident kazylary we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hukugyna eýe bolar. Prezidente diňe bir möhlete saýlanmak ygtyýaryny berýän kanun ýatyrylyp, onuň bu wezipä ikinji möhlete hem saýlanyp bilmegi üçin kanuny mümkinçilik dörediler.

Gyrgyzystanly saýlawçylar 11-nji aprelde prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeltjek we parlamenti gowşatjak täze konstitusiýany tassyklamak ýa-da tassyklamazlyk barada belli bir karara gelmek üçin geçirilýän referendumda ses berýär.

Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 10-a çenli 181 801 adam ses berdi, bu ses berijileriň 5.04%. Jemi 3 million 606 müň 201 raýat saýlawçylaryň sanawyna goşuldy.

Bu ses berişlik oktýabr aýyndaky dawaly parlament saýlawlarynyň yzysüre dörän halk nägilelikleri esasynda öňki hökümetiň agdarylmagy netijesinde merkezi aziýa ýurdunyň gelejegi üstünde turan syýasy oňuşmazlyklaryň arasynda Sadyr Žaparow prezident saýlanandan üç aý soň geçirilýär.

Žaparow 2020-nji ýylyň noýabr aýynda, şol wagtky prezident Sooronbaý Jeenbekowyň işinden çekilmegi bilen dörän başagaýlykda wagtlaýyn prezident bolup, täze konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlamak teklibini etdi.

Ol ýanwar aýynda geçirilen prezident saýlawynda aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy, şol bir wagtda geçirilen referendum bolsa, saýlawçylaryň teklip edilýän konstitusiýa üýtgetmelerini, ýagny konstitusiýa üýtgetmeleri baradaky teklibiň esasyny düzýän prezident dolandyryşy ulgamyny goldaýandygyny görkezdi.

Merkezi Aziýa ýurdunyň ýaşaýjylarynyň käbiri Žaparowy tankytlap, konstitusiýanyň awtoritar sistema döretmek we prezidentiň eline aşa kän ygtyýarlyk bermek üçin gyssagly düzedilýändigini aýtdy.

Teklip edilýän üýtgetmelere laýyklykda, prezident kazylary we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ählisini wezipä bellemek hukugyny öz eline alar. Prezidente diňe bir möhlete saýlanmak ygtyýaryny berýän häzirki kanun ýatyrylyp, onuň bu wezipä ikinji möhlete hem saýlanyp bilmegi üçin kanuny mümkinçilik dörediler.

Şeýle-de, bu üýtgetmeler prezidentiň gözegçiliginde boljak "maslahat beriji we utgaşdyryjy organ" hökmünde häsiýetlendirilýän Halk Gurultaýynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Tankytçylar munuň parallel parlament hökmünde işläp, prezidente has köp ygtyýarlyk berilmegine, onuň häkimiýetini güýçlendirmegine hyzmat etjekdigini aýdýarlar.

Teklip edilýän täze konstitusiýa parlament agzalarynyň sanyny 120-den 90-a çenli azaldar. Şeýle-de, Konstitusiýa geňeşi dörediler.

Žaparow mart aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda bu üýtgetmeleri gorap, olary 6,5 million ilatly, 2005-nji ýyldan bäri üç gezek gozgalaňy başdan geçiren merkezi aziýa döwletinde “tertip-düzgüni” ýola goýmak üçin güýçli merkezi hökümet şahasyny döretmek zerurlygy bilen düşündirdi.

Şeýle-de ol häkimiýetiň doly ele alynjak bolýandygy baradaky aladalary ret edip, Gyrgyzystanyň "demokratik ýurt bolup galjakdygyny" aýtdy.

Ses berişligiň deslapky netijeleriniň 11-nji aprelde, giçlik yglan edilmegine garaşylýar. Şeýle-de bu ýurtda ýerli saýlawlar geçirilýär.

Žaparow oktýabr aýyndaky bidüzgünçilikler wagtynda demonstrantlar tarapyndan türmeden boşadylan birnäçe görnükli syýasatçynyň biri boldy.

Ol 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanyň demirgazyk-gündogaryndaky dag-magdan işlerine garşy geçirilen demonstrasiýa wagtynda zamun almak aýyplamasy esasynda 10 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Žaparow bu iş boýunça özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy äheňli bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG