Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, ýadro desgasyndaky hadysada Ysraýyly günäkärleýär, ar almagy wada berýär


Eýranyň Yspyhanda Natanz ýadro desgasyny görkezýän emeli hemra suraty, 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabry.
Eýranyň Yspyhanda Natanz ýadro desgasyny görkezýän emeli hemra suraty, 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabry.

Eýran, Natanzdaky esasy ýadro desgasynda sabotaž bolmakda güman edilýän ýagdaý üçin "ar aljakdygyna" söz berdi we öz duşmany Ysraýyly günäkärledi. Bu ýagdaý ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp tarapyndan ret edilen 2015-nji ýylyň ýadro şertnamasyny dikeltmek babatyndaky diplomatik tagallalara kölege salmagy mümkin.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEO) başlygy Ali Akbar Salehi, "ýadro terrorçylygy" hereketiniň 11-nji aprelde Natanz ýadro desgasynda elektrik energiýasynyň näsazlygyna sebäp bolandygyny aýty. Ýurduň günortasynda ýerleşýän urany baýlaşdyryş desgasyndaky näsazlyk onyň açylmagynyň ertesi ýüze çykdy.

Ýerasty Natanz desgasynyň Eýranyň urany baýlaşdyrmak maksatnamasy üçin uly ähmiýeti bar. BMG-nyň ýadro gözegçilik guramasy bolan Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) inspektorlary oňa gözegçilik edýär. Bu gurama hadysadan habarlydygyny, ýöne düşündiriş bermejekdigini aýtdy.

Döwlet telewideniýesi 12-nji aprelde Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň bu wakada Ysraýylyň günäkärdigini aýdýandygyny we ýurduň ar almak isleýändigini habar berdi. Emma Zarif Ysraýylyň bu hadysa gatnaşygyna hiç hili subutnama bermedi.

Ysraýylyň köp sanly habar beriş serişdesi ady agzalmadyk habar çeşmelerine salgylanyp, ýurduň Mossad gizlin gullugynyň üstünlikli sabotaž edendigini habar berdi.

Natanz kärhanasyndaky operasiýa, baýlaşdyryş işlerini birnäçe aýlap yza tesdirip biler.

Ysraýyl bu hadysadaky roluny kommentirlemedi.

XS
SM
MD
LG