Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýeden getirilen türkmen raýatlarynyň birinde COVID-19 ýüze çykaryldy


Sişenbe güni “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýörite gurnan uçary bilen 165 raýat Türkmenabadyň aeroportuna gondy.
Sişenbe güni “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýörite gurnan uçary bilen 165 raýat Türkmenabadyň aeroportuna gondy.

Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň ýene bir tapgyry yzyna getirildi. 13-nji aprelde “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýörite gurnan uçary bilen 165 raýat Türkmenabadyň aeroportuna gondy. Bu barada aeroportyň jogapkär işgärleriniň biri 14-nji aprelde Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Ýolagçylaryň barlag testleri alnandan soňra, olaryň 60 sanysy Türkmenabadyň Ýokanç keseller hassahanasynda esaslandyrylan karantin zolagyna, galan 105-si hem Amyderýanyň kenarynda gurnalan karantin sebitine iberildi. Daşary ýurtdan getirilen raýatlar karantinde 21 gün saklanarlar.

Azatlygyň habarçysynyň tassykladan maglumatyna görä, getirilen raýatlaryň birinde, ýagny 1974-nji ýylda doglan aşgabatly aýal maşgalada koronawirus ýüze çykarylypdyr. Onuň häzirki ykbaly barada goşmaça maglumat almak başartmady.

Habarçymyzyň sözlerine görä, soňky tapgyrda getirilen raýatlaryň 50-den gowragynyň dürli derejede saglyk meseleleri bolup, olar Türkiýede dürli operasiýalary başdan geçiripdirler.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça, Türkmenistanda koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk, türkmen resmilerinden, şol sanda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden maglumat almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG