Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da maslahat beriji topar J&J waksinasynyň ulanylmagy barada karar bermezden ozal, gan lagtalanmalary boýunça has köp maglumat isleýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

ABŞ-da Johnson & Johnson (J&J) tarapyndan işlenip düzülen COVID-19 waksinasyny kabul eden az sanly adamda ýüze çykan gan lagtalanmalaryny barlaýan bir maslahat beriji sagyk topary gan lagtalanmalarynyň sanjym bilen baglanyşyklydygy ýa-da däldigi barada karar kabul etmezden ozal, has köp maglumat isleýär.

Maslahat beriji toparyň 14-nji aprelde alan karary J&J waksinasynyň Birleşen Ştatlarda häzirlikçe ulanylmazlygynda galjakdygyny aňladýar.

Bu karar ABŞ düzgünleşdirijileri sanjymyň ulanylmagyny wagtlaýynça togtatmagy maslahat berenden bir gün soň saglyk geňeşiniň geçiren gyssagly ýygnagynda kabul edildi.

Maslahat beriji toparyň birnäçe agzasy has köp maglumat toplap, sanjymyň howpsuzlygyna bolan ynamy artdyrmak üçin bu arakesmäniň wagtynyň uzaldylmagyny goldap çykyş etdi.

Ýöne paneliň beýleki agzalary arakesmäni uzatmagyň sanjyma deň hukukly elýeterlilik bilen bagly meseleleri has-da ýaramazlaşdyryp biljekdiginy aýdyp alada beýan etdiler.

J&J beýleki waksinalardan arzan we ol iki doza derek bir gezek sanjym edilýär. Bu bolsa waksina üpjünçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýan has garyp ýurtlar üçin möhüm faktordyr. Derňew astyndaky gan lagtalanmalary seýrekdir.

ABŞ-da 7 million J&J waksinasy paýlandyr we olardan 6 adamda gan lagtalanma hadysalary habar berildi. Olaryň ählisi 18 – 48 ýaş aralygynda aýallardyr.

XS
SM
MD
LG