Geçen ýyl Özbegistanda Saglygy goraýyş ministrligi, Halk bilim ministrligi we Gurluşyk ministrligi iň korrumpirlenen guramalar diýlip ykrar edildi. Bu maglumaty Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň resmi wekili Bekzod Rahmonow 15-nji aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda yglan etdi.
Onuň sözlerine görä, Bilim ministrligi ulgamynda 78 milliard som (7,4 million dollar) bikanun ulanylypdyr. Netijede, 214 işgäre düzgün-nyzam temmisi berilse, 34 resmi wezipesinden boşadylypdyr.
Saglygy goraýyş ulgamynda 16 milliard som (1,5 million dollar) möçberindäki maliýe bidüzgünligi ýüze çykaryldy. Bu ministrlikde býujetden bölünip berlen 22 milliard somuň (2 million dollar) nädogry ulanylmagynyň öňi alyndy.
Emeldar Gurluşyk ministrligindäki korrupsiýa maglumatlaryny açmady.
Şu ýylyň 24-nji martynda prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen wideo konferensiýada Baş prokuroryň orunbasary Akmalhoja Mawlonow 2020-nji ýylda Özbegistanda maksatly programmalara bölünip berlen 10 trillion somdan (951,7 million dollar) 845 milliard somuň (80, 4) million dollar) ogurlanandygyny aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.