Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Raul Kastro Kuba Kommunistik partiýasynyň başlyklygyndan çekildi


Raul Kastro

Raul Kastro Kubanyň Kommunistik partiýasynyň başlygy wezipesinden çekildi, bu 1959-njy ýyldaky rewolýusiýada Fidel häkimiýeti ele alanyndan soň ýurduň ilkinji gezek Kastrosyz dolandyryljakdygyny aňladýar.

89 ýaşly Raul Kastro bu habary 16-njy aprelde, Kubanyň dolandyryjy partiýasynyň 8-nji gurultaýynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Ol "öz wezipesini ýerine ýetirenden" soň pensiýa çykýandygyny habar berdi.

Ol telewideniýede berlen ýüzlenmesinde näçe ýaşasa, şonça uly güýç bilen watanyny, rewolýusiýany we sosializmi goramaga taýýar boljakdygyny aýtdy.

Kastro öz ornuna hiç yztutary hödürlemedi, ýöne ol öň, 2018-nji ýylda Kubanyň prezidenti bolup, Kastronyň ornuny eýelän Migel Diaz-Kaneli goldaýandygyny bildirdi.

Fidel Kastro 1959-njy ýylda diktator Fulgencio Batistany häkimiýetden agdaran rewolýusiýa ýolbaşçylyk etdi. Ol 1965-nji ýylda Kubanyň Kommunistik partiýasynyň başlygy boldy, 2008-nji ýylda prezidentligi dogany Raula tabşyrýança ýurda ýolbaşçylyk etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG