Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz resmileri COVID-19-a garşy göreşde zäherli kök ulanmagy wagyz edýär


Prezident Sadyr Žaparow 15-nji aprelde Facebookda öz ýurdunyň COVID-19 nasaglaryny bejermekde "netijeli" usul tapandygyny habar berdi.
Prezident Sadyr Žaparow 15-nji aprelde Facebookda öz ýurdunyň COVID-19 nasaglaryny bejermekde "netijeli" usul tapandygyny habar berdi.

Gyrgyz häkimiýetleriniň COVID-19 bejergisi üçin zäherli kök ulanmak wagzy merkezi aziýa ýurdunda tankyt bilen garşylandy.

Saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew 16-njy aprelde geçiren metbugat ýygnagynda koronawirus ýokuşan 300 näsaga akonit kökünden alnan erginiň derman hökmünde berlendigini habar berdi.

Şeýle-de, Beýşenaliýew žurnalistleriň öňünde zäherli kökden ýasalan dermany içip görkezdi we onuň diňe gyzgyn ýagdaýynda ulanylmalydygyny, eger şeýdilse, koronawirus ýokuşan näsagyň derrew, iki-üç günde gowulaşjakdygyny aýtdy.

Şondan bir gün öň prezident Sadyr Žaparow Facebookda öz ýurdunyň COVID-19 nasaglaryny bejermekde "netijeli" usul tapandygyny habar berdi.

Şeýle-de ol Facebookda gorag enjamy bolmadyk we gürrüňi edilýän akonit köküniň erginini çüýşelere guýýan erkekleri görkezýän wideony çap edip, bu ergini ýylatman, sowuk halda içmegiň ölüme sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň Bişkekdäki missiýasy bu pikiri berk tankytlady we akonit köküniň hiç bir keseli, şol sanda koronawirus näsaglaryny bejermek üçin ygtybarly bolup biljekdigini görkezýän subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

Akonit kökünde akonitin, kardiotoksin we neýrotoksin bar. Akonit köküni derman hökmünde ulanmak keselçilige ýa-da ölüme sebäp bolup biler diýip, habarda aýdylýar.

Merkezi Aziýada dünýäni aljyradan aldajy kesele garşy göreşmekde ösümliklerden peýdalanmagy, hussusan-da ýüzärlik ulanmagy ilkinji bolup türkmen prezidenti we türkmen mediasy wagyz edip başlapdy.

XS
SM
MD
LG