Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestleriň öňýany Nawalnynyň ýaranlary saklanýar


Lýubow Sobol
Lýubow Sobol

Russiýada tussaglykdaky oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň goldawyna geçirilmegi planlaşdyrylýan umumymilli protestleriň öňüsyrasynda Nawalnynyň ýakyn egindeşleriniň ikisi saklandy.

21-nji aprelde Nawalnynyň meşhur YouTube kanalynyň alypbaryjylarynyň biri, şeýle-de onuň Korrupsiýa Garşy Fondunyň (FBK) aklawçysy Lýubow Sobol we Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş Moskwada sakandylar.

Goşmaça maglumatlar bada-bat elýeterli bolmady.

Geçen hepde Lýubow Sobol dekabrda Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) jaýlarynyň birine bikanun barmak synanyşygynda aýyplanyp, şertli ýagdaýda bir ýyl möhlet bilen terbiýeçilik işlerine höküm edilipdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Nawalynyň işi we protestleriň basylyp ýatyrylmagy bilen bagly Russiýa garşy sanksiýalary girizdiler.

Galyberse-de, Sobol bilen Ýarmyşyň ikiside-de öý tussaglygyndady.

XS
SM
MD
LG